گوراوْغلینینگ دؤرهیشی (تورکمنچه)
Göroglynyň Döreýşi
Gadym zamanlarda Çandybil diýen bir ýurt bardy. Ol ýurtda beýik-beýik dört dag bardy. Onsoň oňa Çardagly Çandybil hem diýýärdiler. Halkynyň köpi çarwady, düýe, at, garamal bakardy, Aral derýasyndan suwa ýakardy, Özi türkmeklerdi. Häkimine Jygaly beg diýerdiler.
Onuň,Genjim beg, Mömin beg, Ady beg diýen ogullary bardy. Genjim aýallydy, mallydy ýöne gaty gysganç-dy. Ol malyny köpeldip, başga ýurtlar bilen söwda ederdi. Zadyny özi iýip-içmezdi, başga dogan-garyadaş, dost-ýarlaryny çagyryp, hezzet-hormat etmezdi. Her günde goýun-geçisiniň sürülerinde ençemesini möjek ýaryp, gara läş edip giderdi. Şonda-da Genjim olary çopana bermezdi.
Mömin bolsa ne sag, ne dälidi, üstesine-de gözi şulludy.Onuň özi juwana ýaly, işleýşi eşek ýaly, iýşi sygyr ýaly. Däliligi tutanda, aglamaly ýerde gülübirdi. Biri bir zat sorasa, turup ötägiderdi. Muny öýlendirjek bolsalar, ilki özi almady,soň bolsa oňa gyz beren bolmady.Muňa bolsa onun kellesiniň kel ýany hem gijemedi.
Şunlukda, bu öýlenmän galybersin.
آردینی اوخو/ Ardını oxu