گوراوْغلینینگ دؤرهیشی (تورکمنچه)
Göroglynyň Döreýşi
Gadym zamanlarda Çandybil diýen bir ýurt bardy. Ol ýurtda beýik-beýik dört dag bardy. Onsoň oňa Çardagly Çandybil hem diýýärdiler. Halkynyň köpi çarwady, düýe, at, garamal bakardy, Aral derýasyndan suwa ýakardy, Özi türkmeklerdi. Häkimine Jygaly beg diýerdiler.
Onuň,Genjim beg, Mömin beg, Ady beg diýen ogullary bardy. Genjim aýallydy, mallydy ýöne gaty gysganç-dy. Ol malyny köpeldip, başga ýurtlar bilen söwda ederdi. Zadyny özi iýip-içmezdi, başga dogan-garyadaş, dost-ýarlaryny çagyryp, hezzet-hormat etmezdi. Her günde goýun-geçisiniň sürülerinde ençemesini möjek ýaryp, gara läş edip giderdi. Şonda-da Genjim olary çopana bermezdi.
Mömin bolsa ne sag, ne dälidi, üstesine-de gözi şulludy.Onuň özi juwana ýaly, işleýşi eşek ýaly, iýşi sygyr ýaly. Däliligi tutanda, aglamaly ýerde gülübirdi. Biri bir zat sorasa, turup ötägiderdi. Muny öýlendirjek bolsalar, ilki özi almady,soň bolsa oňa gyz beren bolmady.Muňa bolsa onun kellesiniň kel ýany hem gijemedi.
Şunlukda, bu öýlenmän galybersin.
Ady begiň gözi gyrgynyňky, gulagy hüwiniňki ýaly-dy, murtlary garlawajyň ganaty ýaly jaýtaryşyp durdy. Özi akylly-başlydy. Bir zady diline alsa, şony etmän goýmazdy. Onsoň, munuň, ýanyna bir topar horlanyp ýören galyň batyr ýigitler üýşüp başlady. Olar:
— Ady beg,sen bir gaýratly goç ýigit,bir ýerde karar tapyp bilmän ýören adam, gel, sen bizi ýanyňa al, biz seniň aýdanyňdan çykmaly! Bolýarmy?!– diýdiler.
Ady bege-de geregi şolar ýaly adamlar. Olaryň kyrk sanysyny ýanyna kabul edip aldy. Jygaly begiň ýaşy bir çene baran. Onsoň ol: «Meniň ogullarymyň içinde iň bir kemallysy şu — Ady begim. Gel, indi şuny öz ornumda goýaýyn» diýip, Ady begi ýurda soltan etdi.
Indi bu söz bu ýerde galybersin, Habary başga ýerden eşideliň.
Arabystan ýurdunyň Reýhan Arap diýen bir patyşasy bardy. Ol günlerde bir gün Şirwan welaýatynyň patyşasynyň gyzy Gülendam perä aşyk bolup, mekanyndan çykyp ugrady. Az ýöridi — köp ýöridi, bir näçe gün ýol ýöridi. Patyşanyň, dergähine baryp arz wagty arza durdy.
— Arzym bar, patyşahy-älem!
— Nä arzyňyz bar, aýdyň.
— Men siziň gyzyňyz Gülendam periniň at-owazasyny eşidip, oňa aşyk bolup geldim. Berseňiz,özüňiz biliň, bermeseňiz hem, özüňiz biliň!—diýdi.
Patyşa bir meýdan aşak gözläp oturdy. «Dogry gelen keýigiň iki gözünden başga aýyby ýok, ol bir goç ýigit eken» diýip oýlanyp:
— Diläniňiz gyz bolsa,berdik — diýdi.Reýhan Arap gulluk aýtdy.
Ondan soň Reýhan Araba:
— Goç ýigit, otursaň —ýurt, gitseň, ýol gutly bolsun — diýdi.
— Ýok,patyşahy-älem, «Towşanyň, dogduk depesi»diýip dirler.Her kimiň öz ýurdy özüne nesip etsin, rugsat berseňiz gidermen! — diýdi.
Ine, şu ýerde patyşa gyzyna ýedi gije-gündiz toý berip, at çapdyryp, altyn gabak atdyrdy, göreş tutdurdy. Toý dargansoň, Gülendam perä kyrk atly jylawdar berip, kyrk gatyr ýüki zer, päkize maýa berdi. Maýanyň üstüne kejebe gurdurdy. Kejebäniň içine Gülendam perini salyp, maýanyň owsaryny Reýhan Arabyň eline berdi. Reýhan Arap Gülendam perini alyp gaýdyberdi. Reýhan Arap ýol ýöräp gidibersin.
Bir gün Ady beg soltan öz adamlaryny ýanyna alyp, awa-şikäre çykdy. Olar köp-köpden dag-dereleri agtaryp, aw tapmadylar, «Bisähet güni awa gaýdan ekenimiz» diýip, köp arman çekdiler. Şeýdip, bular atlarynyň jylawlaryny yzyna dönderjek bolup durkalar, adamlaryň biri hol uzakdan bir gara gördi. Pugta synlap görseler, ol gara bir maýa meňzeýär.Ýakynrak geliberdiler, görseler, ol dogrudan-da üsti kejebeli maýa eken.Kejebäniň içinde-de bir enaýy peri sypat gyz beýhuş bolup ýatyr. Onson, maýany çökerip, gyzy düşürdiler. Birnäçe wagtdan ol gyz huşuna aýlandy. Ady beg soltan ol gyzdan habar sorady:
— Sen haýsy ýeriň gyzy, bu düýäniň üstüne nädip düşduň?
— Men Şirwan welaýatynyň patyşasynyň gyzy bolaryn. Bir baranda, Reýhan Arap meni görüpdir.Onsoň, meni aljak bolup bardy.Köp-köp pullar berip, meni
satyn aldy. Şu maýa bilen meni alyp gelýärdi,Öňki gün Reýhanyň üstüne bir topar atly döküldi.Maýa-da sypyp gaçdy.Meniňem şonda essim aýylan eken. Reýhana näme bolanyny bilmedim.
Ady beg soltan «Gyz razy bolmasa, ýurda äkitmäýin, Reýhana gowşuraýyn» diýip oýlandy. Onsoň gyzdan:
— Aý gyz, indi sen Reýhana garaşjakmy? ýa seni şonuň, ýurduna eltip gaýda- ýlymy, ýa bolmasa,ataňyň ýurduna gitjekmi? — diýip sorady.
— Men-ä şol Reýhanyň ýüzüni görmesem, şonça begenjek. Atamyň ýurduna gitsem, meni ýene şoňa berer.Sen bir kesekiniň aşyndan bizar, ynsaply adam ekeniň. Indi sen näme buýursaň, şony etjek. Halasaň,meni özüň al, halasaň, dogan hökmünde öýüňde sakla,halasaň başga birine ber, men razy.
Ady beg soltan muňa köp şat boldy.
— Köp ýagşy, «Mal kimiňki — kime buýursa şonuň-ky». Seniň adyň näme?
— Adym Gülendamdyr.
—Ýagşy, Gülendam bolsa — diýip, Ady beg muny öz ýurduna alyp gaýdyberdi.
Ol gelip, bolan wakany atasyna aýtdy. Jygaly beg oňa: — Eý, oglum, sen bir goç ýigitsiň. Sen islän gyzyňy alybilersiň. Bu gyzy Mömine berip, ony adam sanyna goşaýlyň. Bu bir päkize gyz eken. Mömini bir sypag-sermeg bilen adam sanyna goşaýady-da! — diýdi.
Bu söz Ady bege makul geldi. Onsoň, toý edip, ile göz edip, at çapdyryp, altyn gabak atdyryp, bagşy aýtdyryp, bu gyzy öz agasy Mömine nikalap berdi. Hiç ýerden gyz berilmän ýören gözi şully zaňňar hezil etdi.
Günlerde bir gün türkmen halky özara maslahat etdi. Olar «biziň aramyzda duşmana garşy göreşýän Ady beg soltan ýaly batyr ýigit ýok. Aýdanymyzy etse, muny bir gowy ýerden öýersek, belki, munuň özi ýaly bir goç ýigit ogly bolgaý» diýip aýtdylar. Şunlukda, «Bolýar-bolýar, şeýdeliň!» diýip, ony öýermekçi boldular.Oturan märekäniň içinden bäş-alty ýaşuly oýlanyp, özara eden maslahatlaryny Ady beg soltana aýtmakçy boldular. Baryp arza durdular.
— Eý, Ady beg soltan, saňa arzymyz bar.Seni bir gowy ýerden öýersek diýýäs, niçik görýärsiň?—diýidiler.
Onda Ady beg soltan:
— Örän ýagşy edýärsiňiz, ygtyýar özüňizde! — diýip, ýaşulularyň bu eden maslahatyna özüniň razylygyny bildirdi.
Şeýlelik bilen, il-halk Ady beg soltany bir ýerden öýerdiler. «Şerigatda şerim ýok» diýenleri, Ady beg soltan aýaly bilen ýakynlyk etdi. Aýalynyň boýnunda hamyla galdy. Aýdan-aý, günden-gün ötdi. Dokuz aý, dokuz gün, dokuz sagat ötensoň, aýalynyň burgusy tutdy. Aýallar onuň töweregini alyp oturdylar. Emma çaga onuň göwresinden saýlanmazdan, ol pakyr ýaş üstünden dünýeden ötdi. Çaga-da onuň garnynda gitdi.Bu ajy aýralyga Ady beg soltan ýedi gije-gündizläp hapa bolup ýatdy, Atasy Jygaly beg oňa: «Oglum, sen beýle hapa bolup ýatma, tur-da daglara bar,guş salyp,aw awla, seýil edip, göwnüňi göter!» diýip aýtdy.
Şunlukda, Ady beg soltan atasynyň pendini tutup, guşlaryny göterip, tazylaryny tirkeşdirip, ýigitleri bilen wagtyny hoşlap, seýle-şikäre çykdy.Guş salyp, keýik awlap ýörkä,Ady begiň hem kazasy dolup,dünýäden ötdi. Kyrk ýigidi hapa bolup, Ady beg soltany hem öz elleri bilen jaýladylar. Habary indi Jygaly begden al. Ol:
— Alla, Genjim diýen aglumyň maňa haýry degmän,aýrylyp gitdi. Mömin beg diýen oglumma akyly gelmeli-gitmeli boldy, gözi şully boldy. Şu Ady beg soltan oglum gerçek goç ýigitdi.Şundan bir zurýat galarmyka diýip ýördüm.Ol aýdanymam bolmady — diýip, köp hapa boldy.
Günlerde bir gün bir adam gabrystanlygyň ýanyn-dan geçip barýardy. Ynha, görse, bu gabrystanlykda bir çaga oýnap ýören eken.Bu adam şol çagany tutjak boldy welin,çaga derrew gaçyp,bir mazaryň deşigine girip gitdi.Bu adam obasyna gelip, gören wakasyny il-güne bolşy ýaly gürrüň berdi. Olar:«Ady beg soltanyň aýaly aradan çykanda, göwresinde ýetik çagasy bardy, megerem, şol bolsa gerek» diýişdiler.Şuwluk bilen, bu habar Jygaly bege baryp ýetdi.
Jygaly beg derrew ulamalaryň ýanyna baryp:
— Ýeri, şeýle-şeýle gürrüň bar.Ynha, pylan mazarlykda bir çaga bar diýýärler welin, biziň,gelnimiz ölende, onuň göwresinde ýetik çagasy bardy. Ol çaga gabyrda doglup, soňra ýüze çykmagy mumkinmi? —diýip sorady. Ulamalar:
— Aý,Jygaly beg,ol bir gaty bolýan zatdyr.Şerigatyň buýrugyny berjaý etseň-ä, göwreli aýalyň çep tarapyndan garnyny kesip almalydyr welin, ol hem edilenok, oňa görä-de,ol bir bolup biljek zat. Sen Jygaly beg, her zat bolsa-da, onuň bir aňyrsyna ýetjek, barlap görjek bol! — diýdiler.
Jygaly beg ulamalardan bu sözi eşidip, derrew yzyna gaýtdy-da, öýüne gelip, ýanyna Genjim begi çagyrmakçy boldy.
Habary kimden al? Genjim begden al! Genjimiň goýny, düýesi kändi. Günlerde bir gün onuň goýun çopanlarynyň biri ýanyna gelip, şeýle bir ahwalaty gürrüň berdi:
— Genjim aga, meniň bakýan sürimiň içinde bir süýtli geçi bar. Şol geçi biraz garbanyp, az-kem otdan doýandan soň, sürüden saýlanyp, gabrystanlyga bakan gaçyp gidýär. Men oňa hiç buýrup bilmän,teý ahyr garaba- garaba yzyna duşüp, mazarystanlyga bardym.Ýanky geçi bir mazaryň başujuna baryp çökredi welin, görden bir zat çykyp, geçini emdi-emdi-de, ýagşy doýandan soň,ýene şol göre girdi gidiberdi, geçem bärik — sürä baka gaýtdy. Men ol zadyň ynsdygyny-jynsdygyny bilebilmedim, durşuna tüý bolup duran bir gorkunç zat ekeni, Genjim aga.
Onda Genjim aýtdy:
— Sen sürini başga tarapa süräýseň bolmadymy?
— Genjim aga, her taraplara sürüp gördüm,hiç alaç bolmady.Geçi her gün şol mazaryň başyna barmasa, durup bilenok.
Ertesi çopan sürini örä çykaranda, Genjimiň özem onuň bilen bile gitdi, Goýun-geçiler örä çykyp, birmeýdan agyp-dönenlerinden soň, şol geçý ýene sürüden saýlandy-da, mazarystanlyga bakan gidiberdi. Çopan:
— Genjim aga, geç-ä, halha, gitdi—diýip görkezdi.
Genjim bilen çopanam garaba-gara geçiniň yzyna düşüberdiler.Çopanyň aýdyşy ýaly, geçi bir mazaryň başyna baryp çökerdi. Görden bir zat hasanaklap çykdy welin, onuň endam-jany durşuna tüý bolup dur. O zat münedekläp-emedekläp, girdi geçiniň aşagyna, geçem gerlip, emdirmäge durdy.
Genjim beg çopan bilen mazardan-mazara bukup-bukdaklaşyp, ýakynrak baryp syn edip görseler, o zat ynsan çagasyna meňzeş eken. Genjim beg:
— Meniň inim Ady beg soltanyň, aýaly ýaş üstünden kaza bolanda, çagasy göwresi bilen gidipdi, bu şonuň gabrydyr — diýdi.
Geçi emdirip, ýene sürä baka gaýdyberdi. O zat hem göre girip gitdi.Bular baryp, mazara esewan bolsalar, ol, dogrudanam, Ady begiň aýalynyň mazary eken. Sebäbi Ady begiň aýalynyň kazasy dolanda, onuň gölegçiligine Genjim beg hem bile gelip, onuň nirede jaýlanandygyny,haýsy mazardygyny görüpdi.
O tüýlek zadam, ana, şonuň göwresi bilen giden çaga eken. Görüň bir tarapyndan çaklanrak deşik açylyp, ol şo deşikden girip çykýan eken.
Genjim beg bu çaganyň Ady begiň ogludygyna ýagşy göz ýetirenden soň,atyna mündi-de, ahwalaty kakasy Jygaly bege buşlamak üçin, atyny gyp basaýdy. Atyny gök jür derledip baryp, towsup düşägede, gapydan giren bada kakasyna garap, bäş keleme söz aýdar gerek:
Eşit atam, Jygaly begSaňa döwran geldi bolgaý!Eýäm saňa berdi ogul,Seniň günüň galdy bolgaý!
Atam, röwşen bolsun gözüň,Hatasy ýokdur bu sözüň,Açyldy talyg ýyldyzyň,;Saňa döwlet geldi bolgaý!
Seniň işiň, küşat boldy,Är-pirlerden medet boldy,Maňa görden bir ses geldi,Seniň ogluň boldy bolgaý!
Genjim beg diýr, ýa mähriban,Köňlümizde galmaz arman,Çandybile dönüp döwran,Bize döwlet geldi bolgaý!
Bu habary eşiden Jygaly beg begenjinden ýana böküp ýerinden turup, Genjim oglunyň boýnundan garşa gujaklap, ogşap, soňra ikisi tirkeşip, daşaryk çykdylar-da, atlanyp mazarçylyga baka ugradylar. Bu habary eşiden Çandybil halky hem uludan-kiçä mazarçylyga tarap gidiberdiler.
Jygaly beg Genjim bilen atlaryny sürüp, mazarystanlyga ýetdiler. Ilat hem olaryň yzysüre baryp ýetişdi.
O çagajyk adam-gara ýok wagty görden çykyp, mazaryň daşynda oýnar eken, adam-gara göründigi bolsa, gaçyp göre girer eken.
Jygaly beg ogly Genjim beg bilen mazarystanlyga ýetip baranda, Genjim beg görüň başujunda emedekläp, oýnap ýören mele gulpaklyja çagany kakasyna görkezdi.
Jygaly beg mazaly o-ny synlady. O çaga-da bulary görüp, gaçyp göre girip gitdi. Ýaşulular Jygaly begiň ýanyna gelip:
— Bu çaganyň oguldygyny ýa gyzdygyny anyklamak üçin, mazaryň bir gapdalynda aşyk, ýene bir gapdalynda gurjak goýup göreliň — diýip, maslahat etdiler-de, gurjaklary, aşyklary diýişleri ýaly goýuşdyryp, özleri bir tarapda bukuldylar ýatyberdiler.
Birnäçe wagt ötensoň, hiç kim ýokdur güman edip, çaga emedekläp görden çykdy. Bir tarapda gyzyl-çyzyl bolup duran gurjaklara gözi düşüp, çaga birbada şol gurjaklara baka ýüzlendi. Ol gurjaklaryň ýanyna baryp, üşerilip seretdi-de, olara el urman, ikinji tarapa öwrüldi, üýşüp ýatan aşyklara gözi düşende, olary oýnamaga başlady. Birmeýdan oýnandan soň, ol ýene göre girip gitdi.
Jygaly beg bu çaganyň oguldygyny kemsiz bilen-den soň:
— Halaýyk, bu çagany nähili ýol bilen ele salyp bolarka?! —diýip, halka maslahat saldy.
Adamlaryň biri: «Duzak gurup tutmak gerek» diýse, başga biri: «Mazaryň üstüni açalyň!» diýdi. Akyllyraklardan biri bolsa: «ÝOK, muny beýtsek, çaga heläk bolar, başgarak bir emel edeliň!» diýdi. Duranlaryň arasynda bir garryja ýaşuly bardy, ol eýer ussasydy. Şol:
— Adamlar,bir eýeriň üstüne ýelim çalyp, şol çaganyň çykyp oýnaýan ýerinde goýalyň, çaga eýeriň üstüne münüp oýnanda, ýelmeşip galar welin,baryp tutaýrys-diýdi.
Duranlar: «Eýerçi dogry aýtdy-da, eýerçi dogry aýt-dy» boluşdylar. Jygaly beg-de bu maslahaty göwne jaý gördi. Garaz, bir köne eýeriň üstüne ýelim çaldylar-da, şol mazaryň ýanynda goýup, özlerem ýene öňküleri ýaly gizlendiler.
Birhaýukdan çaga ýene görüň daşyna çykdy.Çykan badyna-da eýere gözi düşüp oňa tarap ugrady, eýeriň gaşyndaky ýylpyldawuk çüý bezeglerini dyrnajyklary bilen dyrmalady. Bir salymdan soň, eýeriň ustüne bir aýagyny atdy, dyzady, bu ýan tarapyna agyp togalandy. Ýene mündi. Bu sapar jaýdar atlanyp, loňkuduklap oýnamaga başlady.Ol eýeriň ustünde ep-esli wagt oýnap oturandan soň, ýelimler ýumşady. Bu çaganyň endamy tüý bolansoň, eýere hasam mäkäm ýelmeşdi, durdugyça-da berkleşdi. Birnäçe wagt oýnandan soň, çaga ýadap,eýerden düşmek isledi, emma bolmady.
Jygaly beg bilen garaşyp duranlar çaganyň eýere mäkäm ýelmeşendigini aňyp, tarsa ýerlerinden turup, baryp çaga bilen eýeri gujakladylar, Şonda çaga jynssyz bir gygyrdy welin, adamlaryň depesiniň tüýi üýşüp gitdi. Çaga göýä tora düşen jeren balasy ýaly depirjekleýärdi.
Jygaly beg ony ýuwaşlyk bilen eýerden aýryp, bagryna basyp öýüne geldi. Çaga egin-eşik geýdirdiler, Jygaly beg Çandybiliň ähli halkyna jar çekdirip, janly soýduryp, gaýnatma asdyryp, ilata nahar çekdirdi. Nahardan soň, ol jemagata ýüzlenip:
— Aý, halaýyk, men yzymda at-abraýymy göterip, ornumy tutjek ogul Ady begden galar diýip umyt edýärdim. Ady begiň, yzy binyşan gitdi diýip, näumyt bolup ýördüm. Bu gün hudaýym maňa bu çagany Ady beg oglumdan nyşan berdi. Bu çaga türkmen ulus-ilinnň gerçek goç ýigidi bolsun! Bu çaga il bolup ýagşy bir at goýuň! — diýdi.
Oturanlaryň ýaşuluraklaryndan biri: «Pylan bolsun» diýdi, ýene biri beýleden çykyp: «Pylan bol-sun» diýdi. Garaz, oturanlaryň hersi bir at tapdy. Ahyrda-da bir ýaşuly:
— Halaýyk, bu çaga garaňky görden ýagty dünýä çykdy, munuň ady Röwşen bolsun! — diýdi.
Oturanlar: «Hä, şu boldy-da, şu boldy» diýşip, çaga Röwşen at goýup, öýli-öýlerine dargaşmakçy boldular. Şol wagt märekäniň gyrak-bujagynda ýeke özüniň öňünde bir çanak goýlan bir pukara garryja adam otyrdy. Şol:
— Täzeden bir at toslap tapjak bolşup, her haýsyňyz agzyňyza gelenini urup otyrsyňyz. Ol çaga dünýä gelende, öz ady bilen geldi, onuň ady belli, Görogly bolmaly — diýdi. ýöne bu pukaranyň sözüne hiç kimem gulak gabartmady, gaýta onuň gürrüňini ýaňsylaşyp, gülşüp, her kim öýli-öýüne gitdi.
Jygaly beg:
— Arman, ýaňky pukaranyň sözi ýer almady, «Garybyň sözi ýerem almaz, ýerde-de galmaz»diýipdirler,Röwşen diýip at goýsagam,iru-giç bu oglanyň ady
Görogly bolsa gerek — diýdi.
Jygaly beg agtygy Röwşeni ýörite özi terbiýeläp başlady. Röwşenem sähelçe günüñ, içinde adamlar bilen öwrenişip, gep-söz öwrenmäge başlady. Jygaly beg agtygynyň kaddy-kamatyna, boý-syratyna guwanyp şatlanyp, goja göwni joşa :
Şükür edem ýaradan kadyr hudaýa,Özi ol derdime derman eýledi.Niçe wagtlar galdym jebri-jepaýa,Meniň gamly göwnüm şadman eýledi.
Her säherler turup çekerdim efgan,Maksadymny hasyl eýle diýiban,Müsür, Basra bilen Rum, Pereňistan;Arzuwyny çekip, efgan eýledi.
Elip den çekilmiş kaddy-kamaty,Ýaş başyndan daglar ýykar haýbaty,Indi geldi Çandybiliň nobaty,Görenler janyny gurban eýledi.
Jygaly beg, şükür et, geldi döwranlar,Başymyzdan gitdi gaýgy-armanlar,Begendiler kowmy-gardaş — ýaranlar,Hak bize çoh lütfy-yhsan eýledi.
Jygaly beg sözüni tamam edip, şady-horram bolup galybersin.
Indi habary Röwşenden al. Röwşen jany ýedi ýaşyna barynça göz-gulak bolup terbiýelediler.
Ýedi ýaşyna baransoň, Jygaly beg ony molla berdi. Emma Röwşen gyňyrlyk tapyp, baranam urdy, gelenem urdy. Mollasy sapagy sähel soňurrak berse, mollasy-nam aýlandyryberdi. Molla metjitden gaçyp: «Eý, Jygaly beg, biz seniň agtygyňy başaryp okadyp bilemzok» diýip, Jygaly bege arz etdi. Jygaly beg: «Beýle bolsa, onuň şol öwrenen mollaçylygy besdir, biziň oňa ýasda — ýasyn, toýda — tebärek çykartmak niýetimiz ýok, okap-ýazyp bilýän bolsa bes, bize ondan artyk mollaçylyk gerek däl!» diýip, agtygyny molladan gaýdyp aldy.
Röwşeniň eline tylla tegbent, biline tylla kemer, tylla nally ädik, çakmak, telpek, zer pota guşak, eline altyn aşyk berip: «Bar, sen oglanlar bilen oýnaber» diýip goýberdi. Röwşen bir bölek oglanlara goşulyp gitdi. Ol garyp oglanlaryň arkasyny tutup, baý, söwdagärleriň, oglanlaryndan arlaryny alyp bererdi. Röwşen baýlaryň oglanlaryny uranda, olaryn gapyrgalaryny çatladardy.
Baý ogullary ata-enelerine aglap arz ederdiler.Biz munuň atasyndan ýaňy dyndyk. Eger bu hem atasy ýaly kemala geläýse, onda bize gün bermez. Atasyndan hem bäşbeter bolar» diýip, baýlar, söwdagärler Röwşeni ýok etmegiň pikirine düşdüler. Özara maslahatlaşdylar. Bu maslahatdan Jygaly beg habardar bolup, gaçyp gitmekçi boldy.
Ol öz maşgalasy bilen Rum patyşasynyň ýurduna ugrady.Bu ýurduň patşasyna Hünkär diýerdiler.
Jygaly beg bardy Hünkäriň ýurduna. Bu günem Hüňkäriň gaşyna baryp, salam berip durdy.
Hüňkär:
— Hawwa, Jygaly beg, habaryňy ber! — diýdi.
— Duz nesibäm çekip, hyzmatyňa geldim, tagsyr!
— Ýöriber hyzmatda.
Jygaly beg bir ýyl hyzmat edip, biline pyçak, aýpalta gysdyrdy. Iki ýyl hyzmat edip, at mündi, serpaý geýdi. Üç ýyl hyzmat edip, ekgalam boldy.
Önki sypaýylaryň hemmesiniň emelini elinden aldy, Bu sypaýylaryň, içinden gyryndy geçmäge aýlanyşdy, Olar Hüňkäriň, ýanyna jemlenişip gelip:
— Ow, tagsyr, bu türkmen hemme emelimizi elimizden aldy, bizden ökde näme emeli bar munuň? — diýip soradylar.
— Bu sizden ökde, atşynas, uly seýis.
— Uly seýis bolýan bolsa, ol saňa bir ilde ýok at tapyp bersin. Hünkar Jygaly bege ýüzlenip:
— Haw, Jygaly beg, maňa ilde ýok päkize bir at tapyp ber diýdi.
Jygaly beg: «Bolar, tagsyr!» diýip, elmaýa münüp, Arabystan ilatyny üç aýlap gezdi. Ilde ýok at tapylmady. Bir gün Derýaýy-şoruň boýunda ikindi namazy -ny okap otyrdy. Bu derýanyň boýunda Hüňkäriň ýylkysy erkin ýatyrdy. Bir mahaldan derýadan bir at çykyp, bir baýtala üç mertebe aşyp, ýene derýa girip gidiberdi. Jygaly beg: «Alla, suw aty bolýar diýip eşidýärdim, çyn boldy-ow» diýip, ýaňky baýtaly belläp gaýdyberdi. Geldi Hüňkäriň gaşyna, «Tagsyr, ilde ýok at gerek bolsa, geljek ýyl şu wagta çenli how-lukma» diýdi.
Bu baýtal aý-sähedi dolup, bir güni tazynyň çagasy ýaly bir zat taşlady.
Esewan etseler, özi gysrak. Çopanlar taýy Jygaly begiň ýanyna getirdiler: «Şol baýtaldan bolan taý şu» diýidiler. Jygaly beg taýy Hüňkäriň gaşyna getirdi.
— Tagsyr, ilde ýok at gerek bolsa, ine, şundan dogar diýdi. Pah, sypaýylara ýamanlamaga gezek geldi.
— Tagsyrym, şu türkmen seni oýnap ýör — diýdiler.
— Ol niçik?
— Ilde ýok at gerek bolsa diýip, üç aýlap aldap gezeni bir ýaňa, bir ýyla çenli howlukma diýip aldap gezeni ene bir ýaňa, iň soňunda ilde ýok at şundan dogar diýip, bir urkaçy tazynyň çagasyny äkeldi, ol seni oýnap ýör — diýdiler. Hüňkär bulara ynanyp: «Eýse muny nätse bolarka?» diýip sorady. Olar:
— Tagsyr, gözüni oýaýyň! — diýdiler.
Sypaýylar ýamanlap, Jygaly begiň gezüni oýdurdylar. Bir adamyny emgek ýanasa, alaç ýok.Bir günden-bir gün ýamanlap, ýanky Gülendamyň äri Mömin begi hem öldürtdiler.
Jygaly begiň bu galada bir dosty bardy. Ol: — Haw, Jygaly beg, türkmeni dürtmeseň, duýmaz diýenleri, seniň soňuňa çykarlar, göteril bu galadan! — diýip, maslahat berdi. Şol gürrüňden soň Jygaly beg Hünkäriň gaşyna gelip:
— Haw tagsyr, meniň gözümi oýduň, oglumy öldürdiň, meniň senden soňky dilegim — şu gysragy senden dileýän — diýdi.
Huňkär gahar üstünde: «Düldülem bolsa, şony saňa bagyş etdim!» diýdi. Jygaly beg gysragy diläp aldy. Bu gysrak üç pagsa diwal kimin ýetişdi.
Jygaly beg Röwşene:
— Eý, Röwşen jan, bir gün paty-putyňy eltip gel. Bir gün Gülendam
ýeňňäňi eltip gel. Bir gün meni artlaşdyryp gaç. Bu ýurtdan Üçgümmez dagyna gaçaly- diýdi.
Röwşen:
— Ýagşy — diýip, bir gün paty-putusyny eltip geldi. Bir gün Gülendam
ýeňňesini eltip geldi. Bir günem atasyny artlaşdyryp gaçdy.
— Oglum, habardar bol, yzyňdan kowgy bolaýmasyn!
— Ata, bir atly-ha gelýär.
— Aty nähili?
— Gara dor, ata.
— Gara dor bolsa, oglum, ol atyň gözi çakandyr, gün çykan bolsa, günüň teýine gaçyber. Çakan atyň gözi güne bolmaz, günüň aşagyna tarap gaçyber —diýdi.
Çakan atyň gözi gün bilen çakyşyp, kä ýerde büdräp, kä ýerde sürşüp, bu galyberdi.
— Ata, ýene bir atly gelýär.
— Nähilli at?
— Al at.
— Al at bolsa, öten ýyl gotur bolandyr, gotur malyň üç ýyla çenli tenniň, awusy öçmezmişin.Tokaýdan-tokaýa, jeňňelden-jeňele tutuber, oglum!
Röwşen atyny tokaýdan-tokaýa, jeňňelden-jeňele tutuberdi. Gotur at kä ýerde jeňňele süýkenip, kä ýerde agaja süýkenip, bu hem galyberdi. Bular gelip, Üç-gümmez dagynda çertek tutup, mesgen edip, bu ýerde bolubersinler.
Jygaly beg Röwşeniň eline ok-ýaý ýasap berdi. «Oglum, meýdanda aw atyber» diýip tabşyrdy.
Röwşen är nepesi bilen dörän oglan, atan oky ýere düşenok. Keýik, gulan, sülgün, towşan atyp, getirip dur, nepa-galary şu. Röwşen bir gün sürüden galan, täze guzlan sygra sataşdy. Tanasyny gujagyna alyp gaýdy-berdi. Getirdi çatmasyna. Çola ýerde, özleri uç adam, ak bulakly boldular. Ýene bir gün meýdanda aw awlap ýörkä, muňa Ispyhana barýan kyrk galandar duş geldi. Olar:
— Oglan, bu ýerde näme işläp ýörsüň? — diýip soradylar.
— Şu ýerds öýümiz bar.
— Öýüňiz bolsa, bizi taňry myhmany alarmyň?
— Atam bar, geňeşeýin.
Röwşen gelip, atasyna geňeşdi:
— Ata, birentek galandar taňry myhmany boljak diýýär, olara näme jogap bereli?
— Oglum, işigimize taňry myhmany gelip, gaýdan ýeri ýokdur. Bar, äkel, alajy bolar.
Röwşen galandarlary ,tirkeşdirip eltdi,Kyrk eşek Jygaly begiň çatmasynyň töwereginde aňňyrşyp, jaý tapsyn-da.
— Hany, ata, bulary äkeldik. Indi bulara näme berjek?
— Oglum, tanaň otugandyr, derrew sygryňy soý — diýdi.
Başga hyzmat etjek adam ýok. Bir Gülendam ýeňňesi bar. Gulendam ýeňňesi iki syýyny biline urup, bilegini çyzgap, Gün batandan orte çäş galynça hyzmat etdi.
Galandarlaryň baştutanyna Abdylla galandar diýerdiler.
Jogap alyp, gaýtjak mahalynda Abdylla galandar:
— Haw, galandarlar, bu köruň, bu neresse oglanyň elinde Gulendamyň kanagat edip oturyşyna haýran,şuny taryp edip gitmesem bolmaz! — diýip, onuň şanyna köp taryply sözler aýdyp, hoşlaşyp,galandarlar ýola düşdüler. Şol gelişlerine galandarlaryň ýoly Arabystan ýurdundan düşdi.
Olar: «Taňry myhmany alýan kişi barmy?» diýip, bir bu işige barýarlar, bir
ol işige. Şonda bir adam:
— Haw, galandarlar, siz bäş owara-on owara bölünip düşseňiz, kim myhman almaýar sizi? — diýdi.
— Bäş ozara-on owara bölünip duşmeýäris, biziň kyrkymyzyň hötdämizden gelen adamyňka düşýäris, bolmasa ötüberýäs.
Onda ol adam:
— Haw, galandarlar, bu ýurtda siziň kyrkynyzyň hötdäňizden geljek adam ýok. Arabystan ilatynyň patyşasy, siziň hötdäňizden gelibiler — diýdi.
Galandarlar sürüp, Reýhan Arabyň huzyryna geldiler. Muny Reýhan Araba:
— Tagsyr, birentek galandar taňry myhmanydyryn diýip geldi — diýip habar berdiler.
Reýhan Arap:
— Baryň, myhman alyň, özbaşyna jaý boşadyp beriň diýdi!
Olaryň özbaşlaryna bir jaý berip, galandarlaryň çaýyny-temmekisini, kabla -syny, neşesýani üpjün etdirip, Reýhan Arap hupdandan soň, bularyň ýanyna gurrüň-çilige geldi. Arap gelip, mütdekäniň gapdalyna geçip, güderi küpjüňe tirsegini taşlap, parsyň ýaly bolup agdarylyp ýatyr. Ol:
— Haw, galandarlar, sizler jahankeşdege meňzeýärsiňiz, ýalançyda näme gep-gürrüň bar. Ýalançynyň durmuşyndan gürrüň, etseňiz-le! — diýdi.
Bu patyşa bolan soň, galandarlar mundan set hezar1 gysyndylar. Abdylla galandar:
— Eý, tagsyr patyşahym, saňa gürrüň bersek, şu ýoldan gelýärkäk, Üçgümmez dagynda bir çertekde myhman bolduk. Şonda bir maşgala gördük. Ýalançyda hüýr-peýker diýilýäni iki bolsa biri şol, ýeke bolsa hut özi şol. Şony taryp edip, bir söz aýdyp bereli.
Onsoň, meýhanadan kowmajak bolsaň, bizi gysyndyryp oturma, derrew ýoýul şu ýerden — diýdi,
Reýhan:
— Hany aýdyp ber — diýdi.
Şu ýerde Abdylla galandar Gülendamy taryn edip, bäş keleme söz aýdar gerek:
Arzymy eşitgin, arabyň şahy!Gülendam dek söwer ýary görmedim.On dördi gijäniň minewwer aýy,Gülendam dek söwer ýary görmedim,
Gollary hynaly bendinde ýüzük,Edep bilen sözlär, gözleri süzük,Suraýyl gerdenli, billeri, näzik,Gülendam dek söwer ýary görmedim,
Ýüregmizden çykmaz dag üzre dagy,Hup näzik ýasalmyş başdan aýagy,Ter nowçaly-täze guçmaly çagy,Gülendam dek söwer ýary görmedim.
Men çykmyşam käbe diýip erada,Barça gulny hak ýetirsin myrada.Abdylla diýir, bu ýalançy dünýäde,Gülendam dek söwer ýary görmedim.
Abdylla galandar bu sözi aýdandan soň, Arap zaňňar tarsa ýerinden turup, «hak» diýip, gursagyna bir urup, çiň arkan düşüp gaýdyberdi. Essinden gidip, çaşyp ýatyr zaňňar. Muňa galandarlar haýran boldy.
— Nä jyn urduka bu zaňňara?
Şu ýatyşyna Reýhan Arap üç sagatdan soň özüne gelip, diwanyna ümläp göý-
berdi. Diwany baryp gaznasyndan zerli serpaýdan alyp getirip, galandarlaryň her haýsyeynyň öňüne bir serpaýy ýepläp goýdy. Galandarlar serpaýy geýip, gomparşyp, gulluk aýdyp oturdylar. Abdylla galandar:
— Haw, tagsyr, bu nämäniň serpaýy, nämäniň berimi, peşgeş,engamy? — diýip sorady.
— Haw, galandarlar, siz hudaý tarapyndan gelen eziz myhman ekeniňiz. Men Şirwan welaýatynyň patyşasynyň, Gülendam diýen gyzyny bir müň bäş ýüz tylla galyň berip, özüm aljak bolup getirýärdim. Bir ýerden gelýärkäm, kyrk garakçy peýda boldy, «alla» diýip at goýdular, urşaýyn diýsem gapyldym, ýaraglarym bentdi. Ýaraglarymy almaga wagt bolmady. On-soň, kejebäni taşlap, atym bilen özüm gaçyp gutuldym. Men kyrk atlynyň Ispyhan, nesbijdhan, Nişapur, Söwdigar, Germiýan, Osman, Hezirbegjan, Hyry-rowan, Töwriz, Arabystan — haýsy ýurduň adamsydyklaryny bilmän ýördüm. Ol zaňňar-a tüýs meniň goltujagymda ýatan ekeni! — diýip, turup gitdi. Abdylla galandar:
— Haw, galandarlar, sogap diýip, günäniň lomaýyna bataýdyk öýdýän. Ol neresseleriň ýekeje sygryny soýduryp, duzuny iýip, bu ýere gelip ýamanlap gammaz (şugulçy) Suýlduk, gammazyň jaýy hem jähennem bolsa ,gerek, Meniň diýenimi etseňiz, şunuň serpaýýnyň hem,duzunyň hem gurbany gideýin, mundan gije atlanaýlyň!— diýip, galandarlar serpaýlaryny çykaryp, meýhananyň burçuna urdular.
Galandarlar atlanyp, gijäniň içinde gaýdyberdiler.
Pah, galandarlaryň atlanany Reýhan Arabyň perwaýyna-da däl. Dessine garry arap atyny getirip, eýer, ýona jüp aýly tegmeden gonduryp, mündi ata, öz ýetik ýeri, basdy ata gamçyny.
Üç-dört güne galman, Üçgümmez dagyna yňdaryp geldi. Ýakyn geliberende, onuň aty Röwşeniň baýtalynyň ysyny alyp, bir haýkyryp kişňedi. Tokaý ýaňlanyp gitdi. Muny eşidip, Röwşen ýeňňesiniň ýanyna gelip:
— Haw, ýeňňe jan, bir gürrüldi bar, gaplaňmy, şirmi, bilmedim nämäniň owazydygyny? — diýdi.
— Röwşen jan,gaplaňyny-da bilmen, şirini-de, men seniň eliňden gitdim.
— Haý, ýeňňe jan, o niçik?
— Bir ýerden habar tapyp, Arap bärik gelýär,bu şonuň atynyň kişňişi. oglan gorkdy.
— Alla, ýeňňe, Arap gelýän bolsa, men gaçyp bir ýaňa gizlensem, niçik bolarka?
— Röwşen jan, her zatdyr, güýçli ganymdyr. Gaçyp gizlenseň gizlenäý.
Röwşen gaçyp, bir ýaňa gizlendi. Onýança Arap zaňňar hem gürläp-harlap geldi. Gulendam çatmadan çykyp, salam berip oturjak boluberdi.
— Haw, zaňňar, oturma, mün atyň syrtyna!
— Eý, arap, meniň boljagym bolupdyr, boýym siňipdir, indi meni il-jaýymdan gozgama.
— Pahaý, mün atyň syrtyna!
— How, Arap, saňa bir gürrüň bar!
— Näme gürrüň bar?
— Gürrüň şol: men şu wagt seniň bilen gitsem,bu neresse oglan:«ýeňňäm meniň elimde bir boýnyýogyny tapman oturan eken»diýip maňa gargar.Munuň gargyşy meni ýerden galdyrmaz. Sen bu gün gitde, ertir gel. Gelde: «Oglan, ýeňňäň bir suw bersin»diýip aýt. Men saňa suw beren kişi bolaýyn. Sen meni basyp äkiden kişi bol. Näme gargasalar, saňa gargasynlar. Sebäbi sen — bulara duşman. Duşmanyň duşmana gargyşy kär etmezmişin.
Zaňňar Arap:
— Ýagşy — diýip gaýtdy.
Röwşen hem bir ýerden geldi.
— Röwşen jan, ony aldap-ogşap birbada gaýtardym. Ol zaňňar aýrylyşmaz. Ertir ýene geler.Gelse,şonuň atyny baýtalyňa dile.Onuň aty suw atynyň tohumy.Seniň baýtalyň hem suw atynyň tohumy. Şondan bir at dogsa,atyň ýetişip, özüň ýetişip, onsoň,bir deňligini tapmasaň, eliňden gidýärin.
Ertesi gün galyp-galmanka Arap zaňňar ýene yňňaryp geldi. Röwşen öňünden çykyp, onuň atyny şapba jylawlady-da:
— Haw, aga, birje baýtalym bar, höwre gelipdir,çöl ýerde at tapman, heläk bolup ýörün. Şu atyňy maňa höwre ber! — diýdi.
— Aý, ýetimçe, häli men muňa baýtal sidigini ysgadan ýerim ýok! — diýdi.
Habary kimden al? Gülendamdan. Ol:
— Alla, ýigidiň atyna bak-a, alla, ýigidiň alaşasyna bak-a, alla, ýigide-de iş düşdi-hä! Ony bu ýana iberip duran kim? Iberip duran biz ony. Iň soňunda meni atyň haram sidigine almajak bolduňmy,zaňňar! — diýip,çatmada selkiräk -selkiräk gepläberdi.
Çatmadan ýakymly ses çykyberensoň, özüňize belli, Reýhan Arap: «Ana, aty nätseň, şony et» diýip, atdan düşüp, aty goýdy-da, çatma ötägitdi.
At — daşarda, Arap — içerde. Mes at. Deme gelen baýtal. Röwşen aty baýtalyna üç mertebe aşyrdy. Içerde näme bolanynyň bellisi ýok… Onynça Arap-da çykdy. Gelip, atyna münüp: «Oglan, indi biz gaýtjak, ýeňňeň bize bir suw bersin» diýidi.
— Hany,ýeňňe jan, Arap suw bersin diýip aýdýar.
Gülendam ýeňňesi-de Ady beg soltandan galan altyn jamy alyp, suw salyp, çatmadan süýnüp-sarkyp, keýinjiräp, jilwe taşlap gelip, jamy Arabyň goluna uzatdy. Arap jamy golundan gaňryp alyp, suwuny bir ýana serpägede, jamy goltugyna urdy. Gülendamyň bileginden penjäni urup, bir çekende, ony atyň depgisine çykaraýdy. Arap atyň jylawyny yzyna dönderip, basdy ata gamçyny. Röwşen-de aglap-aglap, pyýadalap yzyna düşüberdi.
Röwşen Reýhan Araba ýüzlenip:
— Mert bolsaň, etjegiňi etdyň, ýurduňy-jaýňy salgy berip git, men hem ýigit bolup ýetişsem, şeyde arymy goýmaryn! — diýip, bir söz aýtdy;
Arap, mundan gider bolsaň,Seniň, jaýyň kanda bolar?Ýok myrada ýeter bolsan,Seniň jaýyň kanda bolar?
Gam bilen garnym doýurdyň,Eziz ýeňňemden aýyrdyň,Uçar ganatym maýyrdyň,Reýhan, jaýyň kanda bolar?
Häzir menden nobat ötdi,Duşman, saňa nobat ýetdi,Maňa başdan takdyr ýetdi,Reýhan, jaýyň kanda bolar?
Röwşen diýer, men geler men,Ýüreklerňe ot salar men,Bu gün ýa taňla barar men,Arap, jaýyň kanda bolar?
Reýhan Arap-da:
— Eý, oglan, maňa Reýhan Arap diýerler, eger-de ýeňňeňi, meni isleseň, bizi Arabystan ýurdundan taparsyň — diýdi-de atyny gamça basdy. Röwşen bolsa aglap-eňräp galyberdi. Gülendam ýeňňesi atyň üstünde yzyna garap, bäş keleme söz aýtdy:
Ýyglamagyl, kyýamatlyk perzendim,Gözýaşyň döküşiň, aldy janymy,Näçe mahal boýuň görüp guwandym,Gaňrylyp bakyşyň aldy janymy.
Zar-zar aglap, kadyr alla dat edip,Dost agladyp, duşmanlaryň şat edep,Gamly günde garyp ýeňňeň ýat edip,Köp nala çekişiň, aldy janymy.
Meniň bu günlerim gam bilen öter,Hemme iş hudadan, takdyra dartar,Aýralygyň ody ölümden beter,Gözýaşyň döküşň aldy janymy.
Gülendam diýir, galdym hijrana, daga,Bady-hazan degdi biziň çarbaga,Saňa goldaw bersin ýa şiri-derga,Delmuryp bakyşyň aldy janymy
Gülendam sözüni tamam etdi. Röwşen biçäre ýeňňesiniň ahy-nalasyndan göwni bozulyp, gam basyp, bäş keleme söz aýtdy:
Wah, meni hary-zar etdiň,Zalym aýralyk, aýralyk!Aýralyk oduna atdyň,Zalym aýralyk, aýralyk!
Çekdigimdir dagy-pyrak,Ýeňňem düşdi menden yrak,Indi kimden edem sorag,Zalym aýralyk, aýralyk?!
Gijeler gördügim düýşdür,Aýralyk bir ýaman işdir,Iki didäm ganly ýaşdyr,Zalym aýralyk, aýralyk!
Bu dünýä kimi şat etdi,Aşna bolany ýat etdi,Kim oýnady, ony utdy,Zalym aýralyk, aýralyk!
Senden medet bolar, huda,Ýa Muhammet, ýa Mustapa,Röwşen aýdar, şiri-derga,Ýakdy aýralyk, aýralyk!
Röwşen sözüni tamam etdi. Reýhan Arap bolsa şol sürüp barşyna Araz çaýynyň üstünden geldi. Basdy ata gamçyny — at çaýyň on bäş gez aňyrsyna düşüp, daşy opuryp, ol gitdi.
Röwşen munuň yzyndan gelip, atyň segräp böken yzyny görüp: «E-eý, zaňňar Röwşen! Seniň, baýtalyňdan bir at dogjak, o-da ýedi ýaşajak, Onson, sen hem şular ýaly atyňy Arazyň çaýyndan towusdyryp, onsoň, baryp aryňy aljag-ow! Bu atyň, üstünde Gülendam ýeňňem hem bardyr-ow» diýip, gam çekip ýyglap oturdy, ýene-de özi-özüne «Eý, däli köňlüm, melul bolma» diýip, Gülendam ýeňňesini ýat edip, derýanyň boýunda zar-zar ýyglap, bäş keleme söz aýdar gerek, gör-bak, näme diýýär;
Däli köňlüm, melul bolma,Meniň hem bagrym baş boldy,Geldi güýçli, ganym ugrap,ýetmedi güýjüm, ýaş oldy.
Men atadan ýeke boldum,Gaýgy-hasrat bilen öldüm,Daglarda muňalyp1 galdym,Atym ýok, ýolum daş oldy,
Agladym, bagrym ezildi,Gamyň sazlary düzüldi.Ýykylyp, ordam bozuldy,Däli köňül serhoş oldy.
Röwşen diýir gördüm özümden,Heder etmedi sözümden,ýyglaýyp galdym yzyndan,Gülendam menden daş oldy.
Röwşen bu sözi aýdyp, dönüp yzyna gaýdyberdi. Şol gelşine tokaýyň içinde azaşdy. Azaşa-azaşa ýarym gije atasynyň çertegini tapdy. Ýadap gelen oglan bir ýan çetde uklap galyberdi. Ertesi Jygaly beg namaza turup, namazyny okap bolup: «Oglum, tur!» diýdi. Röwşen: «Hä näm bar, ata?» diýip, hasyrdyklap ýerinden turdy.
— Oglum, seniň baýtalyňdan bir at dogar. Men öten agşam düýşümde gördüm. Özi hem aýda bir ýaşar,
.— Ata, haçan dogar?
— Geljek ýyl şu günler dogar.
— Geljek ýyl şu günler ýene näçe günden bolýar,ata?
— Sabyr et, oglum, howlukma, basym bolar, baýtalyňy bak, bejer, gezlegini ýetir-de geziber.
Röwşen baýtalyny bakyp-bejerip gezibersin.
Baýtalynyň aýy-sähedi dolup, bir gün meýdanda bakyp ýörkä, tazyayň çagasy ýaly bir zat taşlady, Esewan etse, özi erkek. Röwşen: «Alla janlarym, boljak taý şumuka ýa başga bir zatmyka? — diýip oýlandi. — Gel, her zat hem bolsa, atama bir görkezeýin» diýip, taýy gujagyna alyp gaýdyberdi. Getirdi atasynyň ýanyna.
— Ata!
— Haw, oglum!
— Baýtal-a bir zat taşlady. Boljak taý şumy ýa taýdan öňürti-de bir zat çykýarmy?
— Hany, oglum, alyp gel, göreýin.
Jygaly beg sypalap-sermeläp görüp:
— Oglum, boljak taý şu — diýdi.
— Garry bidewlet zaňňar-a, näme ýamanlyk etdim men saňa?
— Hä, oglum?
— Bu kyrk ýylda hem adam götermez,
— Howlukma, oglum, basym göterer. Enesi bilen Araz çaýynyň başyna goýber. Adam nazary düşmedik ýerde gezsin.
— Ýagşy, ata — diýip, Röwşen taýyny enesi bilen Araz çaýynyň boýuna goýberdi. Günde üç wagt-dört wagt özi baryp barlaýar. Adam nazary düşmesin diýlensoň,özi gözüni ýumup barlap gaýdýar. Taýynyň düňküldäp gezip ýörenini, gyrçyldadyp ot iýip ýörenini gulagy bilen eşidip gaýdýar. Bir gün barsa, taýynyň dünküldisi-de ýok, gyrçyldysy-da.Aňyrrak baryp gulak asýar, bärräk gelip gulak asýar.Hiç munuň gulagyna degýän zat ýok.«Alla janlarym, gözümi açyp gözlemesem bolmady-how, diýip, gözüni açyp gözlese, taý Araz çaýynyň aňyrsynda gezip ýör.
Röwşen: «Işim gaýtdy,tüweleý-şemal togalap aňry ötüräýipdir-ow muny,diýip oýlandy.
Röwşen taýyny näçe jan edip çagyrsa-da, onuň perwaýyna-da däl — iki-baka at salyp ýör.
Bir mahaldan son, iki sany mele donly, mele peşli garry baba peýda boldy. Gelip taýy tutup, sypalap-sermeläp, jylawyny gaýralygyna garşy dönderip, her haýsy sagrysyna bir şapbat çaldy. Taý sekräp zyňdy — Araz çaýynyň kyrk gez birisine düşdi. O ýana bu ýana çapyp, oýnap ýör taýy. Muny görüp, Röwşen ýüwürdi atasynyň ýanyna garşy. Geldi haşlap-döwşip, ýüregi içine sygman. Bolşy tuýs ak bedeaýe tutaýan , adam ýaly-da.
— Eý oglum, hökman taýyňy görüpsiň gerek?
— Ýok, göremok ata.
—Ýok, oglum, görüpsiň, göreniňi derrew aýt, oglum, bolmasa ýüregiň içine sygmaz, ýüregiň ýarylyp ölersiň, oglum!
— Ýagşy, ata, taýymy görenimi saz bilen beýan edeýin — diýip, taýyny görenini atasyna beýan edip,sazyny goluna alyp, bäş keleme söz aýdar gerek.
Atam, sana arzym aýtsam,Araz çaýdan geçdi Gyrat,Bir hümmet ýetdi möwlamdan,Ganat baglap, uçdy Gyrat.
Köýnekçesin etsem zerden,Zerewşan tylla eýerdenHümmet ýetdi ärden-pirden,Derýa kimin daşdy Gyrat,
Ýadap, ýedi gün uklady,Gyrat ýoluny saklady,Araz çaýyndan oklady,Kyrk gez bäri düşdi Gyrat.
Röwşen aýdar, ýa jepbar,Şahymerdan, bol medetkär!Jylawynda iki pir bar,Ölinçä ýoldaşdyr Gyrat.
Röwşen bu sözi aýdandan soň, Jygaly beg:
— Bar, oglum, taýyňy äkel — diýdi. Röwşen taýyny äkeldi.
— Oglum, bir ýerküme gaz, üstüni gaýym basyp,ýeriň. teýinde kyrk günläp bak — diýdi.
Röwşen taýyny ýeriň teýinde kyrk gün bakdy. Kyrk birinji güni:
— Bar, oglum, taýyňy getir — diýdi
Röwşen baryp, taýyny idip getirdi. Jygaly beg sypalap-sermeläp görüp, bir ýere gelende: «Şu ýerine gün düşüpdir, oglum!» diýdi.
—Ýok, düşen däldir, ata— diýip, Röwşen jogap berdi.
— Bar, esewan et, düşendir.
Baryp esewan etse, atasynyň aýdany rast eken, ýaňky ýerden birazrak yşgalaň bolup, şondan gün düşýän eken.
Jygaly beg:
— Entek bolmandyr, oglum, ýaňky ýerini gaýym basyp-da, ýene kyrk günläp bak! — diýip tabşyrdy.
Röwşen taýyny ýene kyrk günläp bakdy. Kyrk birinji güni Jygaly beg
— Oglum, taýyňy getir! — diýdi.
Röwşen gidip, taýyny getirdi. Jygaly beg sypalap-sermeläp görüp:
— Oglum, taýyň kemi galmandyr,ýöne ýeriň teýinde bu birneme hapalanypdyr. Munuň nogtasyny, doga bagyny, eşiklerini syryp alyp, ýalaňaçlap, Araz çaýynyň boýuna goýber. Bir seleňläp, göwnüni açsyn -diýdi.
Röwşen: «Ýagşy» diýip, taýynyň hemme eşikleriný syryp alyp, ýalaňaçlap, Araz çaýynyň boýuna goýberdi. Emma atasynyň aýdan sözüne ýagşy diýýär welin. öz içinden: «Aý, garry bidöwlet, gepiňi köpeldýäsiň, bir işiň üstünden baraýmasaň ýagşy» diýip pikir edýär. Diýse-de, agasynyň raýyny ýykyp bilenok.
Röwşen taýyny goýberip, bir beýik depäniň üstüne çykyp, keýp edip gözläp durubersin.
Pah, segsen günläp ýeriň teýinde bakylan taý akja ýumurtga ýaly togalanýar-da, göz açyp-ýumynçaň dokuz aşyrylýar. Taý bir agynap turup, bir silkinip, kybla garap, guýrugyny jaýtardyp çapyp ötägitdi. Röwşen-de öň etegini dişläp, berdi yzyndan paýyrdynyp «Haý, Gyrat, men munda!» diýip gygyrdy. Emma taý Röwşeniň gygyranyna gulak asdymy — gözünden gaýyp bolup ötägitdi. Bir meýdan ýüwrüp, halys ýadady.
Röwşen: «Wah, garry bidöwlet zaňňar, bir işiň üstünden barjakdyň, bardyň-da dyndyň. Onda ol, munda bul diýip, gepiňi köpeldişiňden-de bilýärdim-le» diýip, düwdenekläp barşyna atasyna käýinýär. «Men ozal eýýamynda her kimiň öýünde garrysy bolsa, garrandan soň arkasyna göterip, dagdan ötürip, taşlap gaýdýar diýip eşidýärdim. Dagdan ötürip taşlap gaýdyp, bu( garry pakyrlaryň näme zeleli degýärkä diýip göwnüme gelip ýördi.
Her kimiň öýünde garrysy bolsa, şular ýaly zeleli degnär ekeni munuň.
Indi men muny arkama göterip, dagdan ötürip taşlajak bolup azara galyp ýörenimden, baryp bogup öldüräýin-le aksakgaly» diýip oýlandy! Şundan ýüwürdi atasynyň ýanyna. Gelip sen ýok-men ýok, atasynyň ýakasyndan şatyrdadyp towlap tutdy.
— Oglum, nä boldy? — diýdi,
atasy-da çatmanyň artky öresine gaýym ýapyşdy. Bu bäri çekýär. Ol-da gaýym ýapyşypdyr.Çatmanyň ardy leňkildäp-leňkildäp gidýär.
— Wah, oglum, habaryňy ber, habaryňy!
— Habar şu, garry bidöwlet, derrew imanyňy öwür!
— Eý, oglum, meniň imanly gidenim ne gaýgyň seniň! Sakgal bolsa ýolundy, ýaka bolsa ýyrtyldy. Habaryňy ber, habaryňy!
— Habar — taý gitdi!..
— Otur, oglum, sabyr et, taý hiç ýaňa gitmez,oglum, bir gömme çörek bişir. Ýaryny maňa ber, ýaryny guşagyňa sal.Taýyň yzyndan kybla garap ötägit. Iki gün ýol ýöräp, üçülenji güni bir çynaryň teýine bararsyň, Barsaň, bir aksakgal baba namaz okap oturandyr. Bar-da namazyna uý. Hupdan on iki kişi bolar. Ýarym gije kyrk kişi bolar. Daňa ýakyn üç ýüz altmyş erenler şol ýerde jemlenişerler. Şol ýerde taýyňy eliňe bererler, oglum.
Rewşen:
— Hop, ýagşy — diýip, bir gömme çörek bişirip, ýaryny atasyna berip, ýaryny guşagyna salyp, taýyň, yzyny alyp, kybla tarapa ötägitdi. Iki gün ýol
ýöräp, üçünji gün bir çynaryň, teýine bardy. Barsa,bir aksakgal baba namaz okap otyr. Baryp namazyna uýdy. Hupdan on iki kişi boldy. Ýarym gije kyrk kişi boldy. Daňa ýakyn üç ýüz altmyş erenler şu ýerde jemlenişdiler. Bu-da ýadap baran oglan, bir çetde uklap galyberdi.
Erenler jemlenişip: «Bu oglan kim-kä, bu oglan kimke?» diýşiberdiler.
Onda Hydyr alaýyssalam: «Bu biziň nepes oglumyzdyr» diýdi.
— Seniň nepes ogluň, bolýan bolsa, bu haýsy kişiň öwladyndan? — diýip, ondan soradylar.
— Bu Ady beg soltanyň ogly, Jygaly begiň agtygy.
— Alla janlarym, bu oglan ýöne-möne kişiniň öwladyndan däl eken. Biz şu wagtlar jemkäk,dargamankak, şu oglany maksadyna ýetiräýsek niçik bolarka?
— Ajap bolar — diýip, erenler maslahatlaşyp,Röwşeni ýatan ýerinde beýhuş etdiler. Garnyny ýaryp,içini-bagryny ýuwup arassalap, içini nurdan dolduryp, ýene jaýma-jaý goýup, barça erenler pata berdiler. Röwşen asgyryp ýerinden turdy. Oňa kyrk-da bir jam şerap berdiler. Ony içip mes bolup, Röwşen ýene ýykyldy. Ýene erenler pata berdiler. Ýene asgyryp ýerinden turdy. Soňraky turanda: «Dat, taýym-» diýip turdy.
Hezret Aly şir huda pir bir nagra çekdi. Taý enesiniň lsine gelen dek hokurganyp kişňäp geläýdi. «Ine, uglan, taýyň» diýip, onuň tanapyny eline berdiler.
«Haw, Hydyr alaýyssalam, sen biziň nepes oglumyz diýip aýdýarsyň. Bu oglanyň mesgeni çölde görünýär, Biz muny gapy-gapy elendirip ýörmäliň. Atynyň, özüniň üsti-başyny şu ýerde şaýlalyň» diýip, erenler munuň atyna mahmal derlik, gundary ýona, tylla gaşly eýer, zerewşan seçekli köýnekçe, güderi güpjek, jüp aýly tegme- den dartyp, zümerretden bolan alagaýyşy başyna saldylar, özüne-de sagry ädik, şemle guşak, gunduz sopbaç, pereňi mawut çäkmen geýdirip: «Oglan, mün atyňa, sen atyňy, özüñi mübärekläp bir nama gaýyp, seniň göwnüň daýhançylyk- damy, bagşyçylykdamy, batyrçylykdamy ýa mollaçylykdamy? Seniň ugruňy bir aňlaly» diýdiler.
Röwşen: «Ajap ýagşy» diýip, atyny, özüni müberekläp, erenleriň gaşynda bäş keleme söz aýdar gerek:
Arap atyň tarypyny aýdaly,Her hünäri üç ýaşynda bellidir,Bozduman aýakly, bazbent toýnakly,Gözi dag başynda, burny ýellidir,
Üç ýaşyndan gadam goýsa bäşine,Ulalanda gol ýetmesin başyna,Awçy kimin gözi degre-daşyna,Ugrasa söweşe, bäsi bellidir.
Ner kemin mes bolar ýedi ýaşynda,Ýeter ganymlary getir gaşynda,Laçyn kimin gözi degre-daşynda,Ugrasa söweşde sesi bellidir.
Arap atyn, arzy jany-tendedir,Pirim şahymerdan, destim sendedir,Röwşenim bir ýazykly bendedirTeblede baş bedew, ýolda bellidir,
Röwşen bu sözi aýdandan soň, erenler:
— Oglan, seniň ugruňy aňladyk. Biz şu wagt jemkäk, dargamankak, o dünýe-bu dünýe näme göwün maksadyň bolsa bizden dile! — diýdiler.
— Meniň dilegim berseňiz: atyma, özüme ýüz ýigrimi ýaş beriň! Atyma, özüme ýüz ýigrimi ýerimden ýara düşse, ýyldyz görende gutulaýyn!
Erenler pata berdiler. — Oglan, kemiň, galmasyn, ýene dile.
— Ýene dilegim berseňiz, duşman eline düşsem, tiz gutulaýyn.
Erenler ýene pata berdiler.
— Oglan, kemiň galmasyn, ýene dile,
— Ýene dilesem, ahyret göwher imanymy beriň, ýetmiş iki dili göwnüme aýan ediň!
Erenler ýene pata berdiler. Üç mertebe pata berip, soňra dile diýip aýtmadylar.
— Dat, erenler, ölemde yzym ýitmez ýaly bir zürýadam bereweriň!
— Haw, oglan, kemiň galmasyn diýip, saňa üç mertebe pata berdik şol patalaryň içinde bolsa bolardy. Indi ol aýdanyň bolmaz.
Röwşen gözüni bir ýumdy. Gözünden ýaş paýrap ötägitdi. Hapa bolandan soň, şir huda pir çykyp:
— Oglum, sen hapa bolma, men saňa özüm bir nepes edeýin, tä kyýamat ahyrzamana bolynça,adyň ýedi ýaşardan ýetmiş ýaşara çenli bendeleriň, dilinden düşmesin, adyň, ýeriň teýinde ýatmasyn! — diýip, nepes etdi.
Ýene-de: Menden saňa nyşana bolsun — diýip,Röwşeniň biline düýrme gylyç dakdy.
— Aý, Hydyr alaýyssalam, sen biziň, nepes oglumyz diýýärsiň. Munuň ady kim bolar?
— Munuň adyna Röwşen diýerler.
— Alla, goç ýigide ýaraşjak at-ha däl ekeni. Zenanyň adyna meňzeş eken-ow.
— Garaňky ýurtdan ýagtylyk ýurda çykdy diýip Röwşen diýdiler-dä!
— Hä-ä, eýse görden çykdy diýsene. Onda munuň ady Görogly bolsun — diýip, Görogly at goýdular.
Soňra erenler: «Oglan, ugruň şu ýan» diýdiler. Görogly eýlesine bir gözledi, beýlesine bir gözledi — erenler gaýyp bolup ötägitdiler.
Görogly hudaýyň, berenine şükür, atyny münüp, atasynyň çertegine gaýdyberdi. Gara görnüm gelenden soň, atdan düşüp, atyny idip, gelip atyny baglap,gol gowşuryp: «Essalawmaleýkim, ata!» diýip, gelip görşüp, arkanjaklap düşüp, edenlije bolup otyr, zaňňar.
— Hä, oglum, bitärýedräk, bozgagrak görünýädiň-le,baýak meni öldürjek ýalydyň-la. Hany, näme görüp-eşitdiň, habar ber?
— men görüp-eşidenimi saz bilen beýan edeýin –diýip, Görogly goluna sazyny alyp, gören-eşidenini habar berip, atasyna garap, bäş keleme söz aýdar boldy:
Gaflatda ýatyrdym, geldi erenler,Tur, gapyl, ýeriňden oýan!» diýdiler,Gözüm açyp gördüm jümle jahany,Ol durana şahymerdan diýdiler,
Gaflatda ýatyrdym, açdym gözümi,Erenler paýyna sürtdüm ýüzümi,Okatdylar, hak sözledim sözümi,Ýetmiş iki dili aýan diýdiler.
Erenler jem bolup etdiler bazar,Munapyklar ondan etdiler hezer. .Pirim şahymerdan etdiler nazar.Kyrk jamy dolduryp içgin diýdiler,
Erenler jem bolup mundan göçdüler,Syrat köprüsinden bir-bir geçdiler,Köwser sakasyndan şerap içdiler,Içen şabazlara soltan diýdiler,
Görogly beg aýdar, kemine bende,Pirim şahmerdan, destgirim sende,Bäş wagt namazyn okygyn günde,Ahyret ýoldaşyň iman diýdiler.
Görogly bu sözi aýdandan soň, Jygaly beg:
— Aý, zaňňar ýigit iş bitirip gelipdir-ä. Aýat diýdiler, gurhan diýdiler, namaz diýdiler. Saňa merez diýdiler, zäher diýdiler, zaňňar, erenleri görüp, raýyňdan gaýdyp, sopuçylyk patasyny alyp gaýdan kişi diýerler saňa! Sen zaňňaryň iň soňunda-da bitirjek işiň, güpbüräge-de mele don, köne şarkyldama kewüş mesini geýip, bir ýatak sopbajy hem başyna ildirip, töweregiňden bäş-alty gary bizi aýlap, öňüni-ardyny ýuwup, haýsy ýerde akar suw barka diýip, agzyňa garyş ýarym agaç sokup gezip ýörmekdir-dä. Iň soňunda seniň, boljagyň şoldur, ýogsam näme bolar öýdýäň, zaňňar! Ahyry erenleri görüpsiň. Şonda ne ýolda, ne pişede bol diýip aýtdylar. Habaryňy berseň-ä düzüw ber, ýogsam mundan habar bolmaz! Diýidi.
Görogly:
— Ondan habar bolmasa, mundan bolýarmy, ata?– diýip atasyna garap, bäş keleme söz aýdar gerek;
Gözel patşamyz nama gönderdi,Şanyn, ordasyna bar, Jygaly ogly!Pirim Aly şerap berip gandyrdy,Ölinçä döwrany sür, Jygaly ogly!
Kyýamat aglamaly nama göwsümde,Ylahydan berlen Gyrat astymda,Pirim beren düýrme gylyç destimde,Duşmana gyljyň çal, Jygaly ogly!.
Sagyra1 halyma üstüme geldi,Ne ýowuz söwdany başyma saldy,Agladyp-eňredip, ýeňňemi aldy,Arapdan aryňy al, Jygaly ogly!
Rumuň, şasy babam gözün aldyrdy,Ýüregimi gam-gussaga doldurdy,Gazap edip, ýalňyz agam öldürdi,Ganymdan ganyňy al, Jygaly ogly!
Alladan özgäni nejat diýmedim,Alydan özgäni ussat diýmedim,Bir armanym galdy — zürýat diýmedim,Ojagyň göç basan, Jygaly ogly!
Erenler jem bolup, munda geldiler,Ýyglaşyban bize pata berdiler,Röwşen adym Görogly diýp goýdular,Rugsat, ýoluňa bar, Jygaly ogly!
— Aý, oglum, bu sözüňden kanagatlandym. Ine, bu habaryň ýagşy. Hany, erenler näme berdi? — diýip,
Jygaly beg sermek-sürmek ediberdi. Görogly ýaňky düýrme gylyjy atasynyň öňünde goýdy.
— Ýene näme berdiler?
— Ýok, başga zat berenoklar.
— Hernä şu berenleri gylyçmy?
— Hawa.
— Baý, erenler hem sahy eken-ä. Mundan ýarag bolmaz,oglum!
Munuň bitirjek işini, biliňde gurbatyň bolsa, jaý ýerinde aş pyçagam bitirer.
— Bermeseler nädeýin, ata. Berenleri-dä şü.
— Bermeseler, oglum, Ispyhanda dört ussa bardyr. Üç ýylda bina kylyp, bir ok-ýaý ýasap çykandyr-lar. Lagly-jowahyrlardan, agyr merjenlerden, altyn-kümüşden ýasap çykandyrlar. Ol ussalaryň, şerti — şony çeken adamdan bir pul alman berýärmişinler, çekibilmeýän adam bolsa dört ýüz tümen tylla utdurýarmyşyn diýip eşidipdim. Şolaryň ýanyna barsaň, Şir huda piriňi ýadyňa salsaň, şol ýaýy çekip alarsyň, oglum!
— Alla, ata, ol-a bir gaýry ýurt ekeni. Men onuň diline düşsem ýagşy!
— Ýok, diline düşersiň, oglum!
Görogly erenlerden ýetmiş iki dili diläp alypdy. Entek oglan ondan gapyl.
— Oglum, Ispyhana barsaň, galasyna baryp, kybla derwezesinden girseň, bir meýdan ýöreseň, öňüňden bir medrese çykar. Medresäniň işiginden baryp:
«Habarlaşmaga kişi barmy?»diýip gygyrsaň baýaky kyrk galandaryň baştutany Abdylla galandar şol medresede okap ýatandyr. Iýen duzuny haklajak bolsa,ol saňa ussalaryň dükanyny tapyp berer.
Görogly: «Ajap bolar» diýip, atasyndan jogap, pata alyp, «Nirdesiň, Ispyhan?» diýip, sürüp gidiberdi.
Ýol uzak, gepiň gysgasy ýagşy, Ispyhana baryp, kybla derwezesinden girip, bir meýdan ýöredi. Öňünde bir medrese peýda boldy. Medresäniň işiginden baryp: «Habarlaşmaga kişi barmy?» diýip gygyrdy. Abdylla galandar daşaryk çykdy, Görogly salam berdi. Abdylla galandar baryp gaýdanda, Görogly ýumruk ýalyjak oglandy. Indi, haý, atly-ýaragly gerçek goç ýigit bolup bardy.
— Haw, ýagşy ýigit, habaryňy ber!
— Taňry myhmany boljak, galandar,
— Taňry myhmany bolsaň, han ogul, bu ýeri metjit-medrese. Bu ýerde özüňe jaý tapylar-da, atyňa jaý tapylmaz.
— Aý, sen-ä bir tentek galandar ekeniň. Men seniň kyrk eşegiňe jaý, ot-iým tapyp beripdim. Şu galanyň içinden ekeje atyma jaý tapylmaýarmy?
— Hä, sen kim?
— Hä, men Üçgümmez dagyndaky sygyr soýup beren Röwşen.
Pah, Galandar ýüwrüp gelip, Göroglyny gujaklap atdan aldy, aýagyny ýere degirmän getirip, hüjresiniň töründe oturtdy.
— Oglum, gije-gündiz namazyň yzyndan dilegim sen. Seni maňa hudaý tagala aňsatlyk bilen getirdi! Oglum, kitabyň buýrugy: öňinçä atyňy ýerleşdireýin, Atyň kişmiş iýermi, bürünç iermi?
— Oňat körpe, arpa tapyp beräý!
— Atyň aýagynyň teýine mahmaldan peýandaz düşäýinmi?
— Bir araba çäge düşäý.
Abdylla galandar Göroglynyň atyny ýerleşdirip, onuň ýanyna geldi.
— Oglum, göwnüň näme islese aýdyber. Sen gök çaý içermiň, gara çaý içermiň? Gant ezip içermin, nabat ezip içermiň?
Kabla, şüle, süzme, ýahna… dokuz dürli tagam taýýar etdi. Görogly üç-dört gün bolandan soň, Abdylla galandar: «Hany, oglum, habaryňy ber!» diýdi.
— Galandar, şu galada bir ok-ýaý barmyşyn, şol ok-ýaý diýip geldim.
— Oglum, onuň IşI haýyr.
Galandaryň özüniň ýetik ýaýy ol. Galandar ýanynda bar teňňesini hasaplap gördi, dört ýüz tümen tylla ýetmedi. Ýene byradarlaryndan, deň-duşlaryndan karz alyp: «Bilip bolmaz oglan çekebilmese, öz ýanymdan bereýin» diýip, dört ýüz tümen tyllany kisä salyp ugrady.
Getirdi ussalaryň dükanyna. Ussalar:
— Haý, Abdylla galandar, bu oglan kim? — diýdiler.
— Ussalar, bu bir tanyş oglanym. Şu gala ýarag diýip gelipdir. Onsoň,siziň dükanyňyza getirdim,Baý, ussalaryň dükany özüňe belli: «Ussa aga, bejerewer diýip getirilip goýlan ok-ýaý köp. Muňa halanyňy alsyn diýip ok-ýaýlary küdeläp öňüne üýşüriberdiler. Göroglynyň göwnündäki ok-ýaýyň hiç haýsy çykanok. Muny bu ýana zyňýar, ony o ýana.
— Tapyp berseňiz, düzüwrägini tapyp beriň.. Men bular bilen pozzam oýnajak däl.
Ussalaryň, halypasy aýtdy:
— Oglan, seniň demiň ýaman şah görünýä-le,häli bir ok-ýaý bar, çykaryp getirip goýsak, seniň ýaly oglan teýinden hem galabilmez.
— Haý, ussalar, güýji ýetmez görüp galar diýenleri, her zatdyr, getiriň, bir görüp galaly.
Ussalaryň halypasy bir şägirdine:
— Içerden alyp çyk! — diýdi.
Şägirt bir hüjreden alyp çykdy. Ol ok-ýaýyň dokuz gabat teletinden gaby bar.Ýeke-ekeden gapdan çykaryp goýdy. Lagly-jowahyrdan bina bolan ok-ýaý hüjrä ýalkym berip ýatyr. Ýaý Göroglynyň. sustuny basdy. Görogla atasy: «Oglum, hiç ýerde gorkma, gorkan ýeriňde şiri huda piriňi ýadyňa sal!» diýipdi.
Görogly şiri huda pirini ýadyna salyp, ýaýy alyp, şatyrdadyp çekiberdi. Ýaýyň iki başy eplenip, biri-birine ýetip gelýär.
— Haý-haý, oglan, güýjüň zor ekeni, ýaýy syndyryp barýarsyň, taşlaweri bäri!
— Ussalar, är lebizden, koý bogazdan diýenleri.Muny çeken adam bolsa, bir pul alman berýärmişinler diýip eşidip geldik. Indi biz çekdik, size bermeýäs muny.
— Eý, oglan, birneme gol muzdumyzy bermeseň, bermeýäris muny.
— Ine, bermeseniz! — diýip,Görogly ýaýy gezäberdi.
— Haý, oglan, dälişge gylygyňy goý! Muny çekdiň, ýene bir şertimiz bar: munuň okuny ýedi pilden geçirmelisiň.
— Ajap bolar, ol şertiňem bitireli.
Köçä çykyp, ýedi piliň sapyny hatarma-hatar dikip goýdular. Görogly ýedi pile garap, keýmir oky ýaýa dolduryp, şiri huda pirini çagyryp, atyp iberdi.Ok ýedi piliň içinden parran geçip ötägitdi, Oky baryp galanyň goşa derwezesine degdi.
— Haý, oglan,piriň zor ekeni, bar, ýaýy saňa bagyş etdik!– diýdiler.
Galandar dört ýüz tümen tyllany ussalaryň öňün-de goýdy.
— Ýok, galandar,wadamyz wada, şertimiz şertdir: «Çeken adam bolsa, bir pul alman berjekdiris» diýipdik,
— Bolsa-da, oglana birneme haýyr bererine ýagşy, alyň!
— Gel, haýyrlaşmany orta saldyň — diýip,her ussa bir jüp tümen tylla, bir jüp tümen tylla aldylar. Sekizi kem dört ýüz tümen tyllany galandara gaýdyp berdiler. Görogly ýaýy alyp, ussalar bilen hoşlaşyp gaýdyberdi.
Köçe bilen gelýärkäler, Abdylla galandar Görogla: «Oglum, seni ýene bir ýere elteýin» diýip, ýene bir metjit-medreselige getirdi. Bir hüjrä girseler, bir aksakgal baba otyr, sakgaly ak, dony ak, sellesi ak, kirpiklerine çenli ak — guw ýaly bolup otyr. Bu baba galandaryň piri ekeni.
Görogly seretse, hüjräniň burçunda bir ýaşyl naýza dur. Kişiniň gözüniň ýagyny iýýär.
Göroglynyň gözi şol naýzada. Ol pir:
— Eý, Abdylla sopy, bu oglan kim? — diýip sorady.
— Pirim, bu bir tanyş oglanym, şu gala ýarag diýip gelipdir. Senden şu naýzany diläp alyp bermäge geldim. Şu naýzany şu oglana ber, pirim!
— Bow, Abdylla sopy, bu naýzany göterjek oglanyň piri ýaman zor gerekdir. Her gezip ýören salpaýaga başartmaz bu naýza.
— Ýok, pirim, bu oglan ýöne-möne oglan däl, baýaky ussalardaky laglyjöwahyrdan bolan ok-ýaýy çekip aldy.
Pir «Aý, oglan, piriňi habar ber, bolmasa ok-ýaýy bu ýana alyp ber!» diýip gyzyberdi. Bu pir hem muny synap dur. Ýogsa muny tanap dur. Göroglynyň deslap baryp, çynar teýinde namazyna uýan piri şudy. Görogly gaýyrrak-gaýyrrak oturyp, bu pire garap, pirini habar berdi.
Şonda pir:
— Häý, Abdylla sopy, bu oglanyň piri zor ekeni,bar, naýzany alsa alaýsyn. Bar, bagyş etdik!— diýdi.
Görogly ýüwrüp baryp naýzany aldy. Ol çykyberjek bolanda, pir: «Heý, Abdylla sopy, bar, içerdäki ýaraglary-da bagyş etdik. Bu oglan ýarag şaýyny gowuja tutsun!» diýdi.
Bu piriň bar zadyna Abdylla galandar ýetikdi. Ýene bir hüjrä girip, bir bukjany goltuklap çykyberdi. Görogly hem bir naýzany süýräp, bu hem gaýdyberdi. Köçeden gelýärkä, Göroglynyň: «Alla, muny Abdylla galandar hoşkabylahbar diýen uly pirim diýip aýtdy. Bular ýaly piriň işiginde kabla, şüle, süzme, ýahna taýýar bolup dursa gerekdir.Bize bir hödürem etmedi-ow bu,köp gysganç eken-ow bu pir, ýa şu bukjanyň içindäki külçe, gatlamamyka, meýdana çykyp iýäýsinler diýdimikä» diýip, göwnüne geldi.
Galandaryň hüjresine gelip, açyp görseler, külçe, gatlama näme işle, bu ýanky näme işle! Tamam batyr ýaraglary. Altyn ýakaly sowut golçak, tuwulga, şeşmer, aýpalta, tylla desseli gazma.aý, garaz, Abdylla galandar Ispyhanda Göroglynyň ýarag şaýyny tutdy. Görogly ýene üç-dört gün boldy.
— Galandar, mana jogap berseň, men indi gaýdaýyn!
— Oglum, bolsaň-a hyzmat edeýin, gaýtsaň-da, rugsat alladandyr.
— Ýok, galandar, men gaýdaýyn — diýip, Görogly Gyraty bir gyldan eýerläp, ýaraglaryny dakynyp, çykyp ugraberdi. Galandar hem ýurduň çetine çykýança ugratdy.
—Galandar «Uzadandan ýoldaş bolmaz» diýenleri.Saňa jogap, gaýdyber.
—Ýok,oglum, senden bir dilegim bar,şol dilegimi bitirseň, gaýdaýyn, bolmasa, ölinçäm atyňy jylawlap ýörşüm — diýdi.
Göroglynyň: «Bu zaňňar beren zatlaryny gaýdyp diläýjekmik-ä, gel-ä özi mertlik edenine görä, menem bitireýin diýip aýdaýyn-la, atymy dilemese bolýa-da» diýip, göwnüne geldi.
— Galandar, näme dilegiň bolsa aýt, bitireýin.
— Bitirseň, oglum,baýak Üçgümmez dagynda otyrkaň, seniň ýekeje sygryňy soýduryp, duzuňy iýip gaýtdyk.Onsoň, duz nesibämiz çekip,Reýhan diýen betbagtyň üstünden geldik. «Ýagşyny görmek göz arslany», «Taryp etmek sogap» diýenleri, onuň ýanynda bäş-alty agyz söz aýdaýdyk. Meniň şol günämi ötseň, gaýdýan, bolmasa, ölinçäm atyň teýinde paýandaz bolup ýörşüm.
— Galandar, günäň şol bolsa ötdüm.
Galandar dönüp gaýdyberdi. Görogly «Ýekäniň ýary — huda» diýip basdy ata gamçyny. Bir menzil ýoly bir basyp,iki menzil ýoly iki basyp, sürüp atasynyň çertegine geldi. Atyny baglap, salam berip oturdy, Amanlyk-esenlik soraşdylar.
— Hany, oglum, aman-sag geldiňmi?
— Geldim, ata!
— Hany, nämeler getirdiň?
— Ine, meniň getiren zatlarym! — diýip, hemmesini atasynyň öňünde goýdy.
Jygaly beg ýeke-ýekeden barlap, buýana geçirip dur. Jygaly beg ýaraglary bir
hatar barlap, bu ýana geçirip:
— Oglum, seni adam etjek bolup, dagda gezdim, derede gezdim. Maňlaýym ýaryldy, gözüm oýuldy. Indi seni adam edenim. Şu atlar bilen, şu ýaraglar bilen öz alajyňy özüň görmeseň, ondakysyny özüň bil. Men saňa oglum diýip ýörün. Sen meniň agtygymsyň.Seniň ataň ýurduň hanydy.Çardagly Çandybil diýen ýerde on iki müň, öýli tekeli-türkmenli iliň bardyr. Bar, oglum, Çardagly Çandybile. Aý, oglum, ýurda eýe bolaly,ýurda! — diýdi. Haý, aksakgalda heňňele köp-dä. — Oglum, Çardagly Çandybile barsaň, meniň Genjim diýen oglum bardyr. Ol ölmedik bolsa, malyndan birjigini-de hudaý ýoluna beren däldir. Käbir husytlar ýaly,malyny özi hem iýip bilmän, aç ölüp gitjek adamlardandyr. Ýöne nähili-de bolsa, bärden baraňda şonuňka baryp düş, ýurduň ýagdaýyny bilip, öz ulus-ilimize eýe bolmagyň gamyny iýgin, oglum! — diýip, Jygaly beg agtygyna nesihat berip, bäş keleme söz aýdar gerek:
Ýalňyz balam, algyn pendim,Watany terk ediji bolma!Ol duran gury agajaNähak gan sürtüji bolma!
Ötme ýagşyny göreňde,Halyndan habar berende,Bir garyp aglap duranda,Ýanynda gülüji bolma!
Işikden öterler töre,Ýigit oldur, orun göre,Özi gel diýmegen ýere,Galkynyp baryjy bolma!
Bir ýigit zürýatsyz ölse,Ýaýla doly maly galsa,Iller oňa talaň salsa,Sen eliň gatyjy bolma!
Öwüş-hä, Jygaly, ewüş,Myhman gelse etgin söwüş,Döwüşseň, mert bilen döwüş,Namardy kowujy bolma.
Jygaly beg sözüni tamam etdi. Görogly atasyndan jogap alyp, «Nirdesiň Çardagly Çandybil?» diýip sürüp gidiberdi. Bardy ilatyň ileri çetinden. Ilatyň ileri çeti çarwa obasydy. Bir mahaldan Göroglynyň gözüne bäş-alty sany ýelekli öý göründi. Görogly bir öýüň işiginden baryp: «Habarlaşar ýaly adam barmy?» diýip gygyrdy. Ol öý Genjimiň öýi bolup çykdy. Genjim agasy daşaryk çykdy. Görogly salam berdi. Agasy salamyny aldy. Ikisi biri-birlerini tanamadylar. Genjim:
— Haw, ýagşy ýigit, habaryñy ber? — diýdi. Görogly şu ýerde jylawy eýeriň gaşyna taşlap, arkasyndan sazy kakyp alyp, Genjim agasyna garap, «Men häli agam haýsy, ilim haýsy bilebilmedim» diýip, bäş keleme söz aýdar gerek.
Aga jan, arzymy aýdaýyn saňa,Ilim haýsy ýanda bilebilmedim,Tä ölinçäm, gullugyňda bolaýyn,Ýolum haýsy ýanda bilebilmedim.
At-owazy bu älemi tutmaga,Göwün telwas eder ile ýetmäge,Ganym görsem, keýmir okun atmaga,Ganym haýsy ýanda bilebilmedim.
Pirim Aly şerap berip gandyrdy,Atam Jygaly beg salam gönderdi,Genjim agaň bardyr diýip iberdi,Agam haýsy ýanda bilebilmedim.
Görogly diýp, pirim goýdy adymy,Hakdan özge kime aýdaý dadymy,Hiç kim bilmez synamdaky odumy,Ilim haýsy ýanda bilebilmedim
Görogly bu sözi aýdandan soň: «Haw, ýagşy ýigit, sen Genjim agam diýýärsiň, atam Jygaly beg diýýärsiň men seniň sözüňe düşnmedim-le. Sen maňa habaryňy dilden beýan et. Sen kim?» diýip sorady.
— Men Ady beg soltanyň ogly, Jygaly begiň agtygy.
— Baýaky Röwşenmi sen?
— Hut şonuň özi men!
ýüwrüp gelip, Genjim agasy Göroglyny gujaklap atdan alyp, aýagyny ýere degirmän getirip, ak öýüň töründe oturtdy.
— Röwşen jan, asmandan indiňmi ýa ýerden çykdyňmy? Biz Hüňkär patyşa dördüsini hem dir ýere gömdüripdir diýip eşidip ýördük.
—Ýok, Genjim aga, Hüňkär patyşa ýalňyz agamy öldürdi, atamyň gözüni oýdy. Ondan gaçyp çykyp, Üç-gümmez dagynda çertek edip, mesgen tutup otyrys. Atam gelip bizi göçürip äkitsin diýip, meni seniň ýanyňa iberdi. Ýurda göçüp geljek bolduk, Genjim aga!
— Ajap bolar, inim, sen bu ýerde boluber — diýdi.
Barlynyň bazary ýanynda. Genjim bäş-alty ineri howutlap, bäş-alty dogma başyny itdirip, atasynyň ýanyna gaýdyberdi. Geldi atasynyň ýanyna. Amanlyk–esenlik soraşyp, bir agşam boldy. Jygaly beg pakyryň näme goş-köteli bar, onuň çatma-patmasy bilen göçürip alyp gaýdyberdi. Bular ýurduna gowşup, mesgen tutup bolubsrsinlsr.
Bir aý-kyrk gün bolandan soň, Çandybiliň ilaty bir märekede maslahat etdiler:
— How, ilat! Ady beg soltan öleli bäri,Jygaly beg gideli bäri ýurdumyz baştutan- syz, häkimsiz galdy, belli hany, belli eýesi bolmady.
Ynha,Görogly gerçek goç ýigit bolup gelipdir. Her derdimize ýarajak. Şuny ýurda han edeliň, ozal atasam ilata handy, atasynyň, ornunda goýaly — diýip, maslahatlaşyp, Göroglyny atasynyň ornunda goýup, ilata han etdiler, «Han bolan adama genji-hazyna, döwlet gerekdir» diýip, maldar baýlar zekadyndan mal berýär, puldar baýlar pul berýär, galladar baýlar galla berýär, «Han bolan adama nöker gerekdir» diýip, ine, nöker hem jemläp berdiler. Pah, özüňe belli olaryň için-de iş hoş ýakmaýan ýalta, gaçalak gandar, kümsügräk baýyň ogly hem bar.
Görogly, özüňe belli, är nepesi bilen dörän ýigit, Bu gunüni tapsa, ertesini gaýgy edenok. Ol:
— Ýigitler, aýdyjy bagşy bolsa äkeliberiň, çalyjy sazanda bolsa-da äkeliberiň. Palaw bolsa, üç-dört wagt bişiriberiň! — diýýär.
Hudaý bermese, bendäniň bereni niçe gün bolýar. Ýanky adamlaryň berenini bäş-alty günde iýip soňuna çykdylar. Onsoň, Genjim agasyndan nesýe goýun almaga başlady. Soň-soň Genjim agasy nesýe bermedi. Ondan soň aşaklyk bilen ondan ogurlamaga başlady. Bir gün bäş-alty goýnuny ogurlap iýdi.
Pah, Genjim hem nebsine ejiz zaňňar. Ol Göroglydan hikmet ýetenini bilip, onuň meýhanasyna tarap ýöredi. Meýhananyň agzynda,sypanyň üstünde oturyp, sopba jynyň ýeserini aşyryp, lagyr-lagyr sögünip otyr:
— Haý, zaňňar Görogly,Görogly zaňňar, men seniň üçin mal gazanypmydyryn,dünýä gazanypmydyryn? Öz alajyňy özüň görmejekmi, zaňňar! Men seni bakaýynmy ýa ýanyňdaky bidöwletleri? Ýene han bolan, häkim bolan ýigide bak-a! Hanyň hem ulusy-kiçisi bolmaz. Ýylanyň hem ulusy-kiçisi bolmaz. O ýanda Hüňkär patyşa ýalnyz agany öldürip, ataň gözüni oýup,ol ýerde olaryň gany gidip ýatyrka, bu ýerde maňa çapawul urup ýatynçaň, toprak başyňa,zaňňar! » diýip ,sögünip gaýtdy.
Ol gaýdandan soň,Görogly:«Alla janlarym, däliniň müň gepi telek, bir gepi gerek»diýenleri, meniň şu ýatyşym däl eken-ow» diýip oýlandy soňra ýigitleriniň ýanyna gelip:
—Ýigitler, maňa nöker bolsaňyz, ýörüň, ar almaga gideliň — diýiä, ýigitlerine garap, bir bäş keleme söz aýdar boldy:
Beglerim, arzymy aýdaýyn size,Ýörüň, begler, ar almaga gideliň!Herne hyzmatyňyz görsetiň bize,Turuň, begler, ar almaga gideliň!
Goç ýigitler pir goluny alandyr,Görüň, muhannesin. menzi solandyrRum, Ystambylda namys galandyr,Geliň, begler, ar almaga gideliň!
Ozaly atamyň, gözün oýdurdy,Soňra tutup, men, agamy öldürdi,Ýüregimi gam-gussadan doldurdy,Geliň, begler, ar almaga gideliň!
Akmak biakyldyr, nesihat almaz,Muhannes söweşin tälimin bilmez,Görogly beg aryn almaýyn galmaz,Turuň, begler, ar almaga gideliň!
Görogly bu sözi aýdandan soň, hemme ýigitleriniň saly suwa gaçdy.
— Ýigitler, salyňyz suwa gidip oturmasyn, men gitmesem bolmaýar. Ýene-de sizlere ertire çenli möhlet bereýin. Gitjegiňiz bolsa, tiz taýýar bolup oturyň, göwni bölegiňiz bolsa — alla ýaryňyz! — diýip, Görogly özüniň bolýan bölek hüjresine garşy gidiberdi,Görogly gidenden soň, bular ham paýlaşýan ýaly, etdiler meýhanada galmagaly. Bu ýandan biri çykyp:
— Äý, ýigitler, munuň aýdan sözüne düşündiňizmi? — diýdi.
— Düşündik.
— Näme diýip gitdi!
— Hünkär patyşa ýalňyz agasyny öldüripdir, atasynyň gözüpi oýupdyr. Şondan ganyny, aryny almaga gitjek bu zaňňar.
Onda biri bu ýandan çykyp:
— Eý, ýigitler-ýigitler, zaňňaryň iýip-içip, turşusy başyna çykypdyr. Munuň on-on iki sany atly bilen kyrk dört derwezeli şähere degip, abraý galmajagy belli — diýdi. Onda biri bu ýandan çykyp:
— Eý, ýigitler, gideli diýse, gidäýmeli bor,alajyň näme! Ynha, aýdyjy bagşy,çalyjy sazanda,ine, çaý, ine,temmäki, ine, şüle, ine-de, palaw,bir menziline ýahna. Iýip-içip, ommalyp ýatjakmydyňyz eýse! Janyňyza noş bolaryny-bolmazyny ozal bilmeýärmidiňiz, zaňňarlar? — diýdi.
Nökerleriň bäş-alty sanagy:
— Biz-ä şu gije gaşjak, ýigitler, biziň öňki iýenimiz janymyza noş bolsa bolýar. Hüňkär biziň atamyzyň, gözüni oýupmy, agamyzy öldüripmi? — diýip, maslahat etdiler.Biri akylly bolan kişi bolup beýlekilere;
— Bular gaçsa gaçybersin, siz gaçmaň, meniň diýenimi ediň! —diýdi.
— Hä, seniň näme diýeniňi edeli?
— Bu zaňňar gitmeýä.
— Haý, eýse gitjek diýip git-dä!
— Ýok, ol ony bizi synamak üçin aýdyp gitdi. Şu günler Genjim agasam goýun berenok,başga ýerdenem algysy bergä ýetenok. Şu günler gaýlap ýör bu zaňňar.«Şunuň yhlaslysy,biyhlasy saýlansyn» diýip aýdyp gitdi muny. Munuň özi nä ketjemi, mahlukmy! On–on iki sany atly bilen kyrk dört derwezeli şähere degip, abraý tapmajagyny bilmeýärmi?
Bäş-alty sany nökeri ýankynyň diýenini edip galdy. Bäş-alty sanagy «Halalyňyz bolsun» diýip, şol gije şol etrapdan garasyny saýlady.
Ertesi Görogly atyny eýerläp gelse, ýigitleriň diňe bäş-alty sanagy otyr, beýlekileri bolsa gaçyp gidipdir.
Görogly:
— Hany, ýigitler, buýankylaryňyz nirede? — diýip ,sorady.
— Aý, Görogly aga, jygba-jyga gezek gelende,özi saýlanybir-ä!Seniň bilen deň durup ölüşjek bizler.
— Ýörüň ölüşseňiz! — diýip, Görogly gala nökerlerini alyp çykyp gidiberdi. Çykypdyr çölüstana,çykypdyr dagystana,meýdani çykansoň,galanyň mesçiligi tapdyrýamy? Kem-kemden ýeli çykyp, howp basylyp gelýär. Biri aýtdy:
— Ýigitler, munuň gitjegi çyn bolmaga çemeli, hiç ýana sowulman sürüp barýar bu zaňňar.
Onda beýlekisi:
— Çynyny etme näme işlesin. Muny çarwa baýlara zyýapata çagyrandyrlar. Şoňa barýandyr bu —diýdi.
— Çarwa baýy zyýapata çagyran bolsa, pah, şu günler düýäniň goýy ölümýän-
dir-ow!Çarwa baýynda näme ýok, onda alaçaly ýag hem bardyr.
Ýigitleriň Görogly çarwa baýlaryna sowlar diýen tamalary bardy. Görogly welin oňa-da sowulman, kyblani nazarlap, şol surüp otyr.
— Aý, ýigitler, işiňiz gaýtdy, işiňiz gaýtdy,Munuň gitjegi çyn boldy.
Biri bu ýandan çykyp:
— Wah,ýigitler, meni diýseňiz-le. Men iýmäge zar däldim, içmäge zar däldim, ýedi patyşanyň hazynasy ýaly hazyna meniň, atamda bardy. Men işigaýdan atamyň gazananyny iýip, puluň peýdasyndan hezil görüp, donumyň teýyndan tutup, kölege-kölege aýlanyp,itleri kölegeden kowup, kölegäni itlere bermän,ukudan turup çaý içip, çilim çekip, mes bolup, köýnek-balagymy ýuwduryp, assardaş dony ýasgynçak alyp,telpegi çekgä goýup, seçekli guşagy bilime guşap, obanyň içinde gelin-gyza guwanyp ýörmän diýsene! — diýip zeýrendi.
Ýene biri bu ýandan çykyp: — Haw, gardaş, sen baýyň ogly bolandan soň, bizi
aç, garyp görüp,bize gyjalat berip aýdýansyň bu sözleri. Sen baýyň ogly bolsan , boluber. Algyly tapsa alýar, tapmasa nämäni alsyn! — diýdi.
— Gardaşlar,birin kesip,birin biçip gitmäň.ynha, bir ýere baryp düşer, çaý içer, çilim çeker,onsoň, bir söz aýdyp göreliň.
Görogly düşüp, çaý içip, çilim çekenden soň, olar göroglynyň ýanyna gelip:
— Aw, aga, şu barýan ugruňda hi olja-polja, talap barmy, algy-berga delalat çaý-temmäki puly barmy ýa ar-namys diýip başyňy etegiňe salyp barýarmyň? diýip soradylar.
Görogly:
— Ýigitler, meniň oljam-da bolmaz, talapym-da!— diýip, ýigitlerine garap, bäş keleme söz aýdar gerek:
Ylgarym bar Gürjüstana,Meniň bilen aşan ýörsün!Ar üstünde şirin jandan,Maldan-başdan geçen ýörsün!
Kim ok bilen, kim ýaý bilen,Ýigit ýagşysy şaý bilen,Duşman görende oý bilenÝüzbe-ýüz sanjyşan ýörsün!
Ýigidiň myrady atdyr,Aty saklamak döwletdir,Kesgir gylyç — ýanar otdur,Oda özün uran ýörsün!
Görogly diýr, demhä-demdir,Namartlara gelen gamdyr,Ýigide söweş baýramdyr,Maldan-başdan geçen ýörsün!
Görogly bu sözi aýdandan soň nökerler:
— Malymyzy-başymyzy humara goýar ýaly, näme biri biziň agamyzy öldüripmi, dädemiziň gözüni oýupmy? Görogly aga, bizlere jogap berseň, biz gaýdýas,bizi urup-käýäp nätjek? Baraňda,biziň saňa peýdamyz degmän, nogsanymyz deger. Bize jogap ber, aga! —diýdiler.
Görogly:
— Peýdaňyz degmejek bolsa, sizi urup-käýäp äkidip nädeýin. Baryň, size jogap, gaýdyberiň! — diýdi.
Bular dönüp gaýdybersinler. Bir meýdan ýöränlerinden soň, biri:
— Bu zaňňaryň gepine ynanyp bolmaz. Bizden aýrylyp, ýekelik basyp, sizi äkitmesem bolmady diýip,ýene yzymyzdan ýetäýmesin.
Bular gaýdandan soň, ýaňkynyň aýdany — Görogly birneme ýekesiredi. Göroglynyň uruş-söweşe çykanynyň öňüdi şu. Görogly dönüp bir gaýtjak boldy. Ýene-de oýlandy: «Indi ýola çykyp, yzyma dönüp, galama barsam, Genjim agam atymyň, guýrugyna sübse dakyp, gykylyklap masgara eder, ilden çykarar meni. «Häý, zaňňar Görogly, haçana sen bäş-alty sany jalataýa arka diräp, adam boljak! Mert bol, merdana bol!» diýip, Gyraty ýalaňaçlap, ýamaşgandan eýerläp, köýnekçäni agdygragada salyp, keçäni syrtyna bökderip, guýrugyny gaçary düwdi. Gyraty münüp, sepjiň diýen ýörişi bardy, şuňa salyp öwüsdirip galybersin.
Indi habary kimden al? Göroglynyň atasynyň ýanynda gezen kyrk atly nökerden. Ady beg soltan ölen-den soň, olar Çandybilden çykyp, bir çertekde mesgen tutup ýatyrdylar.
Bu atlylaryň baştutanyna Sapar Mährem diýip at berýärdiler. Göroglynyň ýoly şu atlylaryň üstünden düşdi. Çertekleri içerräkde. Däli Mätel, Seýtek Gyrma diýen ýigitleri «Kerwen ötse, habar beriň» diýip, dagyň derbendine garawul edip goýupdylar. Bularyň käri öten söwdagäri, kerweni talamakdy. Gün çykdy. Görogly ýaňky garawullara göründi. Seýtek Gyrma: «Bar, Mätel, Köse daga habar ber. Şu ýerden bir atly gelýär, şuny almanyň alajyny edeli. Köse atlaryna iým bermänkä ýet!» diýdi. «Ajap bolar» diýip, Mätel at gamçylap gaýdyberdi. Köse-de atlaryny ýalaňaçlap, ýaňy torbany geýdiren ekeni. Görseler, Mätel at gamçylap gelýär. Köse Mätäliň gelýänini görüp:
— Mätel bir habar tapyp gelýär, atyň başyndan torbany alyň derrew — diýip gygyrdy.
Ýigitler atyň başyndan torbany alyp, jüp aýly tegmeden gonduryp,Mäter gelmän- kä, tiz taýýar boldy zaňňarlar. Köse Mäteliň gelip ýetmegine howlugyp gygyrber- di:
— Häý, Mätel, habaryňy aýda-aýda geliberseň bolmyýamy, kerwen köpmi?
— Köse, kerweni nätjek,buýankyny nätjek.Bir atly gelýär, ýa ýurt soraýan han, ýa ýurdy soraýan töre, ýa ýedi patyşanyň hazynasy ýaly hazynaly baý. Üsti-başy ýedi arkamyzy ýere degirjek däl. Syrtyndakysam çaý-temmäkimikä diýýän.
Atlanha-atlan bolşup, derbende garşy yňdarylyp gaýdyberdiler, Derbendiň bärsinden barandan Köse:
— Ýigitler, siz görünmän duruň. Men şu atlyny ogrynça öz gözüm bilen göreýin — diýip, atdan düşup,dagyň gädiginden gözledi-de Göroglyny görenden: «Aý, ýigitler, munuň aty ýaman satanlak görünýär, ýüzi-gözi tikenli görünýär. Bu daşdan kowanda bize el berjek at däl. Gijesi bilen şöwri ýetip gelýän atdyr bu.
Biziň atlar dok ýatandyr. Rast alkymlap gelsin. Üstüni gapyl basalyň» diýdi. Görogly bir tanap-ýarym tanap ýakyn gelen mahalynda, dagyň derbendinden atylyp çykan kyrk atly naýzany ýapyryp, Görogla garşy «alla»diýip at goýdy. Beýle-beýle zatlar göroglynyň nirede gören zady. Ol yzyna dönüp gaşjak hem boldy.Ýene-de «Gel-eý, gaçmaýyn»diýip, özüne göwünlik berip, naýzanyň ökje tarapyny öwrüp, sanjylyp duruberdi.Olaram geldiler inip. Görogly gelenini naýzanyň ökjesi bilen urup, atdan agdaryp başlady.Iň soňunda Bozdumanyny gübürdedip Köse geldi. Görogli onam atdan agdardy. Kyrkysy kyrk ýerde gyzyl-ýaýryt bolup ýatyr. Köse:
– Haw, ýagşy ýigit, seniň bilen at üstünden bir naýzabazlyk, oýunbazlyk edeli diýsek, ýaman naýzaňy hyrçyňy dişläp urýarsyň-la, zaňňar! — diýdi.
— Eý, ýigitler! Siziň degişmäňiz bolsa, biziňem degişmämiz, siziň çynyňyz bolsa, biziňem çynymyz.Hiç haýsyňyza öler ýaly ýara düşenok ahyry.
At üstünde dest bermejegini bilenden soň, Köse ýigitleriň birki sanysynyň gulagyna pyşyrdady: «Bu bize at üstünde dest berjek däl. Sizler aňyrrak-aňyrrak giden kişi boluň. Men şuny aldap-ogşap atdan düşürip, bir göreş tutan kişi bolaýyn. Şol wagt gabyrdadyp basalyň şuny. ýene kyrkyň birden gelip hümer-hümer, togar-togar edip, basyp öldüräýmäň. Iki-ikiden geliň Öldürmän, diri tutup, elini syrtyna daňyp, çertegiň öresine sarap, yzyna habar edeliň. Munuň yzyndan müň tylla, iki gap gariş temmäkisi geler.
Ýigitler biri-birine umleşip, pytrap gidiberdiler. Bular gidensoň Köse:
— Haw, ýagşy ýigit, sen ýaly bisakal ýigit görsem,içim-bagrym gijäberýär. Bikär oturasym gelmeýär. Sen bir atdan düşseň, ikimiz göreş tutup göreli —diýdi.
— Ajap bolar — diýip,görogly atdan düşdi.
Ikisi gujaklaşyp, göreşip gidiberdiler.Bir meýdan ýakalaşansoň, göroglynyň ýeňsesinden bir hysyrdy peýda boldy.Gaňyrlyp gözlese, iki sany pyýada ýetip gelýär. Bularyň maslahaty bişirenine görogly şol dem düşündi.
Olar ýetmänkä, gabyr-gubur Kösäni teýine basdy. Şol Kösäniň aýdany: olar ikiden-ikiden gelip durlar. Köpläp gelse, göroglyny birneme gaýlatmakla-ram ahmaldy. Ol teýiniň bendini bäşden basyp, üstüne örüp çykyberdi. Kyrkysyny hem biri-biriniň üstüne basyp, iň üstüne özi münüp, jonkaryp otyr zaňňar. Göwni bir ýaly. Köse iň aşakda galypdy. Ol ýatan ýerinden gygyrdy:
— Haw, ýagşy ýigit! Maksadym seni bir üstüme çykarmakdy. Indi göwün maksadyma ýetdim. Düşeweri basymrak, gara zaluwat, gapyrgalarymy gyratdyň.
Şeýle diýensoň, görogly olaryň üstünden düşdi. Her haýsy arabadan terne gaçan ýaly pytraşyp gaçýar, Köse:– Haw, ýagşy.ýigit, sen at üstünde dest bermediň,göreşde dest bermediň. Bizlere aslyňy beýan et — diýdi.
— Meniň, aslyma ýetik bolup, gyz geçirjekmi maňa?!
— Haw, bu ýigidiň demi şah görünýär-le! Ýagşy Ýigit,seniň çaýdan-çilimden birneme habarň, bar gerek?
— Hä, elbetde, bar.
— Ýör, seni goşa eltip, çaý-çilim berip, onsoň seniň habaryňy alaly.
Köse Göroglyny goşuna getirip, çaý-çilim berip
—Ýeri, ýagşy ýigit, sen kim? Habaryňy ber! —diýdi.
— Men Ady beg soltanyň ogly, Jygaly begiň agtygy.
— Iit-ä, ýok bol-a, zaňňar! Kime aýdýasyň ony, Ady beg soltanyň ogly barmy? — Men-ä şonuň ogly.
— Senden onuň, ogly bolmaz! Onda Seýtek Gyrma diýeni çykyp:
— Duruň-duruň, ýigitler, baýak bir adamdan Ady beg soltanyň aýaly ölenden soň, şondan görde bir oglan döräp, onam Jygaly beg agtaryp alypdyr, adyna-da Görogly goýupdyrlar diýip eşidipdim,Şol bolabilse şudur—diýidi.
Köse Göroglydan:
— Şolmy sen? — diýip sorady.
— Edil şonuň özi-dä men.
Köse ýüwrüp gelip, Göroglynyň boýnundan gujaklap,’ ýaňagyndan ogşap, hümer-hümer, togar-togar edip, basyp öldürip barýar.
— Eý, Görogly.Görogly! Seniň ataň öleli bäri, ine, barara ýer tapman, batara köl tapman, ygyp ýörşümiz. Indi asmana uçsaň, aýagyňdan çekeris, ýere girseň, gulagyňdan çekeris. Seni ýazdyrmarys.
Görogly:
— Meniň hem isläp tapman ýörenim siz ýaly ýigitler — diýip atasynyň kyrk atly nökerine eýe boldy.
Bu agşam Kösäniň çerteginde boldy, ertesi Köse:
— Görogly beg, habaryňy ber, ne jaýly çykdyň bu ýanlara? — diýip sorady.
— Köse, Hüňkär patyşa ýalňyz agamy öldürdi, atamyň gözüni oýdy, Men şondan arymy almaga çykdym.
— Pah, Görogly, onam bir iş diýip çykypsyň-ow. Ol-a biziň işsiz mahalymyz- da çapyp gelip duran ýerimiz. Boluň-aýt, ýigitler, atyňyzy çakgan eýerläň. Bize täze aga geldi. El-aýak edineliň.
Ýigitler atlaryny çyplak-çyplak eýerläp atlandylar. Köse zaňňar öňüni başlap, Bozdumany gübur-dedip galyberdi. Şol baryşlaryna girdiler Huňkäriň ilatynyň bir çetinden. Bir tokaýyň içi bilen gelýärdiler. Goç ýigidiň desti oňsa gepmi!
Hüňkäriň ogly kyrk sypaýysy bilen guşuny göterip, şol tokaýa sülgün awuna çykan eken. Munuň girdiler bir çetinden.
Ur, ýyk! Sanç, agdar! Bas, öldür! Gaňryp bas! Beýgini gyryp, pesini gyryp, agasy üçin Hüňkäriň ogluny öldürip, dönüp gaýdyberdiler.
Kösäniň çertegine gelip, bir agşam boldular. Köse ertesi: «Ýigitler, göçüň Çandybile!» diýdi. Jan agyrar ýaly zatlaryny alyp, galan paty-putylaryny, çatmasyny bir ýana jemläp, ot berip gaýdyberdiler. Köse dagy Çardagly Çandybile dahyl boldular. Göroglynyň meýhanasyna gelip, atlaryndan agdylar.
Görogly ýetimçiligi çekip, garypçylygy çekip horlanyp, ahyrynda adam bolup, atasynyň ýurduna, nökerlerine eýe bolup, agasynyň ganyny alyp, atasynyň gözi üçin birnäçe duşmany öldürüp, ýurdunyň topragyny ogşap, meýhanasynda mes bolup ýatybersin.